Eýran we Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr söwdany artdyrmagy meýilleşdirýär

19 Iýun 2023
528

Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalyk (ICCIMA) edarasynyň başlygy Golam-Huseýin Şafeý Özbegistana Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ulag meselesini çözmegi teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, ICCIMA-nyň başlygy özleriniň şu ýyl üçin esasy maksatlarynyň Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky häzirki söwda dolanyşygyny 400 million dollardan 1 milliard dollara çenli ýokarlandyrmakdygyny aýtdy.