Türkmenistan — ÝHHG: oňyn hyzmatdaşlyk ilerledilýär

16 Iýun 2023
570

12-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, döwletimiziň umumydünýä ösüşine oňyn täsiri bolan köpugurly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny esasy ugur edinýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissarlygynyň arasynda giň ugurlar, şol sanda ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýän syýasy, ykdysady, ekologiýa we beýleki ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Nesil».