Türkmenistan — Wengriýa: hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenildi

22 Iýun 2023
628

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň has işjeňleşen döwründe Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň ýurdumyzda resmi saparda bolmagy döwletimiziň abraýynyň belende galýandygynyň we durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr. 9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen duşuşyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Bu hyzmatdaşlyk ägirt uly kuwwata eýedir. Taraplar şol mümkinçilikleri öz halklarynyň bähbidine ulanmagy göz öňünde tutýarlar.

9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynda belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Premýer-ministr Wiktor Orbanyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji saparynyň netijeli geçjekdigine hem-de özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça köptaraply döwletara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.