«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Koreýanyň deňiz enjamlaşdyryş assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňelder

22 Iýun 2023
439

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary bilen Koreýa Respublikasynyň deňiz enjamlaşdyryş assosiasiýasynyň sebitleýin wekili (KOMEA) Kang Nam Ýonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar gämigurluşyk, milli deňiz flotyny we port infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmakda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «Orient» habar berdi.

KOMEA-nyň wekili türkmen kärdeşlerini gämigurluşyk pudagynda özara hyzmatdaşlygy, hünärmenleri taýýarlamak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ugurlarynda bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdyrdy.