«Ekspo — 2025» — geljegiň mümkinçilikleri

20 Iýun 2023
515

Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksatlarynda ýurdumyzda uly işler geçirilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada «Belli» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu işler 2025-nji ýylda geçiriljek Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu halkara forum «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen şygar bilen guralar. Türkmenistanyň milli pawilýonyny «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bölümde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

EKSPO sergisine gatnaşmak ýurduň gazananlaryny, eksport kuwwatyny, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerini oňyn çözmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. EKSPO sergisi giň meýdany eýelemek bilen, dünýäde iň iri sergileriň biri hasaplanýar. Adatça, EKSPO sergisi 90-180 günüň dowamynda öz işini amala aşyrýar. Şeýle az bolmadyk wagtyň dowamynda serginiň geçýän şäherine, sebitine we ýurduna hem oňyn täsirini ýetirýär. EKSPO sergisiniň geçen şäherlerinde düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar.

Batyrberdi REJEPBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.