Aşgabatda uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamagyň ekologik meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

19 Iýun 2023
459

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 15-nji iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol dünýäniň dürli ýurtlaryndan nebitgaz ulgamynyň esasy hünärmenlerini we bilermenlerini bir ýere jemledi. Forum «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» HJ we «Gaffney Cline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Oflaýn hem-de onlaýn görnüşlerde geçirilen maslahatyň işine dünýäniň 20 döwletinden 800-den gowrak wekiller gatnaşdy. Olaryň hatarynda «CNPC», «BP», «Exxon Mobil», «Petronas», «ADNOC», «Mitro International», «Buried Hill», NAPECO, «Dragon Oil», «ENI», «Lukoýl», ýaly milli we dünýä belli halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, Halkara energetika agentliginiň (IRENA), Global gaz merkeziniň, Gaz ugradýan ýurtlaryň forumynyň, Nebit inženerleri jemgyýetiniň, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň we Aziýanyň Ösüş bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary boldy.

Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz».