Türkmenistan — Koreýa: ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk

17 Iýun 2023
818

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat koreý tarapynyň özara hormat goýmak, ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi. Şoňa görä-de, duşuşykda ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýedigi nygtaldy. Mundan başga-da, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde köpugurly esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi we üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.

"Nesil".