"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Täze tehnologiýalar — täze menziller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary, durmuşa geçirýän özgertmeleri netijesinde halkymyzyň ykbaly gül açýar, ýurdumyzyň çar künjegi, oba-kentlerimiz, şäherlerimiz gözellige beslenýär. Ykballaryň bagtyýarlyga eýe bolmagyna niýetlenen ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli binalaryň sany günsaýyn artýar. Şeýle dabaralar gözel Diýarymyzyň çar künjeginde, ýylyň tutuş dowamynda bolup dur. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy toýlanylýan altyn güýzüň ilkinji gününde ak şäherimiz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen binalar diňe bir paýtagtymyza däl, eýsem, halkymyzyň kalbyna görkanalyk bagyş etdi. Her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli halkymyza täze-täze bilim ojaklarynyň binalarynyň sowgat edilmegi indi däbe öwrüldi. Paýtagtymyzyň gözel ýerinde 2022-nji ýylda düýbi tutulan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň ak mermerli binalar toplumynyň altyn güýzüň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berilmegi her birimizi buýsandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyndaky: «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini

Ýurtlar içre, kalplar içre ýol ýasap...

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ýagşylyk, haýyr-yhsan, sahawat, delalat — bular ýüreklerde ýagşy täsirleri oýarýan düşünjelerdir. Halky bezeýän, milleti beýgeldýän häsiýetlerdir. Haýyr-sahawat, ýagşylyk etmek bolsa türkmen halky üçin ýaşaýşyň ýörelgesine, mertebäniň mizan terezisine öwrülendir» diýýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýörelgeleriniň ajaýyp zamanamyzda mynasyp dowam tapýandygy şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ýene-de bir gezek dünýä äşgär boldy. Şol gün Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylmagy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň maý aýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň datly miweleriniň biri bolan täze mekdebe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna «Bilimli» haryt nyşanly 100 sany noutbuk kompýuteri, şeýle-de «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen täze mekdebiň açylyş dabarasy

Köňülleriň güzeri

Arkadagyň eserlerinde Türkmeniň geçmişi, geljegi beýan,Arkadagyň kämil eserlerinde.Şöhratly ýolumyz jahana aýan,Eziz Arkadagyň eserlerinde.

Medeni habarlar

Türkmen aýdymçysynyň ýeňşi Şu ýylyň 26-30-njy awgusty aralygynda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde «Şark taronalari» («Gündogar sazlary») atly XIII halkara aýdym-saz festiwaly geçirildi. Dünýäniň 80 döwletinden 300-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilen festiwalda Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Saparmyrat Annamyradowyň, Döwlet Daňatarowyň gyjakda, dutarda, Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradowyň depde sazandarlyk etmeginde «Düşmüşem», «Dagarman», «Maral zeýrendi», «Owadan gelin» ýaly aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdi. Türkmen aýdymçysynyň çykyşy emin agzalary tarapyndan birinji orna mynasyp görüldi we oňa festiwalyň Diplomy, pul baýragy hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şinelän arzuwlaryň joşguny

2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagty miýesser eden bagtyýar ýaşlaryň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. Şageldi SALYHOW,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby:

Şygryýet

Köňül senasy Ýaş ýigide, jahyla,Çyn aşyga — Tahyra,Guýmagursak şahyraDessandyr Magtymguly.

Engam (Hekaýa)

Babamyrat aga günortanlyk naharyny iýip bolanlaryndan soň, göwnünde beslän niýetini aýtmagyň ýeri geldi hasap etdi. Nahara töwir edensoň, ogullaryna birlaý nazaryny aýlady, soňam göwnündäkini dile getirdi: — Tüweleme, bu ýyl kärende ýeriňizden alan hasylyňyz çakyňyzdanam gowy boldy. Yhlasam etdiňiz. Şoňa laýyk topragam bereket eçildi. Gazananyňyz ýagşylyga ýarasyn! Eliňize lomaýja pul düşen wagty oňa ýer tutdursaňyz-a gowy bolardy.

Çagalygymyň duralgasy (Hekaýa)

Ýaşan ömürlerinde ajyny-süýjini dadyp, başdan geçirilen her bir pursatyňdan nämedir bir zady öwrenip, olary durmuş sapagy edinen nurana dünýäniň — ene bilen atanyň, mama bilen babanyň ornunyň agtyklary üçin nähili uludygyny ýanjap oturmagyň hajaty ýokmuka diýýän. Çagalygymy ýatlasam, ilki bilen, enemdir atamyň didary göz öňümde janlanýar. Olar bilen geçen günler — çagalygymyň iň bagtyýar duralgasy. Suw deýin akyp giden ýyllaryň aňrysynda galan mähriban keşplerini ýada salsam, kalbymy üýtgeşik duýgular gaplap alýar. Çaga dünýäsiniň gaýgy-aladasyz günleriniň ýakymly ýatlamalarynyň täsiri wagtyň ýowuz kadasyna boýun egmeýän dek köňül köşgümde henizem çagalygyna galan ýüregimi heýjana salýar. Hyýalymda birsalymlyk eneli we ataly günlerime myhmançylyga gidýärin. Kakam maşgalada uly ogul bolany üçin, biz düýp öýden ir göçüp gaýdypdyrys. Men ol wagtlar kiçijik ekenim. Ejemiň aýtmagyna görä, ýaňy üç ýaşym dolan eken. Şoňa görä-de olar bilen bile ýaşalan günler meniň ýadymda däl.

Şygryýetiň şeýdalary

Annagözel Allaberdiýewa. * * *

Nusgalyk mekdep

Suratda: (çepden) şahyr Gurban Çöliýew, mugallym Ata Hojagulyýew, şahyr Berdinazar Hudaýnazarow, ýazyjy Hydyr Derýaýew, mugallymlar Begmyrat Ussaýew we Kakajan Durdyýew. Ussatlar hakda gürrüň edeniňde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçen talyplyk döwrümiz bilen bagly käbir wakalar serime gelýär.

Ahmet agaly ýatlamalar

— Sungat eserine ýazylan sözbaşy okyjy bilen eseriň arasyndaky köprä meňzeýär. Şu jähetden seredeniňde, asyrlaryň synagyndan geçen eserlere ýazylan sözbaşylara has hem uly orun degişlidir. — Çeper döredijilikde diňe näme aýdanyň däl, eýsem, nähili aýdanyň hem uly rol oýnaýar.

Her zat öz ýerinde...(Tymsal)

Ak, ýaşyl, gök, gyzyl we gara reňkler üýşüp maslahat etdiler. Dostlukly maslahatyň soňy jedele ýazdy. Başyny ak reňk başlady: — Dostlar, men iň gerekli reňk. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlip ýöne ýerden aýdylanok. Islendik ýagşy zatlar aklyga deňelýär. Şonuň üçinem baryňyzyň diňe meni diňlemegiňiz gerek.

Pyýadalara maslahat

Ýol hereketi jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglanyşykly ýol gatnawy jemgyýetçilik tertibinde hem möhüm orny eýeleýär. Biziň her birimiz her gün diýen ýaly ýol hereketine gatnaşýarys. Gür gatnawly ýerlerde ýol hereketiniň düzgünini berjaý etmekde pyýadalaryň iňňän möhüm orny bar. Her bir pyýadanyň ünsli, üşükli, hukuk düşünjeli we medeniýetli bolmagy ýollarymyzyň abadan bolmagyny üpjün edýär. Şunuň üçin-de olaryň ýol geçelgelerinde örän ünsli bolmaklary zerur. Gulaklyk dakynmaklyk ynsanyň daşky sesleri eşidişini wagtlaýyn hem bolsa togtadýar. Golaýlap gelýän awtoulaglaryň sesiniň we signalynyň eşidilmezligi ýol-ulag hadysasynyň döremegine getirip biler.

Garaşsyzlyk — rowaçlyklaryň röwşeni

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň hem jebisliginiň müdimi binýadydyr.

Toý-dabaraň dünýä ýaňdyr, Diýarym!

Ýüregimiň ýagyna, ýaşymyň ýazyna, bagtymyň bagyna deňeýän Diýarym dünýämdir, didämdir, ykbalymdyr, ylhamymdyr, ygrarymdyr. Bu Diýaryň her bir güni, her säheri, ulus-il bolup toýlanylýan baýramlary kalbymyň ganatydyr. Her ýyl altyn güýzüň ilkinji gününde toýlanylýan Bilimler we talyp ýaşlar gününiň joşguny, täsiri has-da üýtgeşik. Sebäbi bu baýram bizi mekdep ýyllarymyza, talyplyk döwrümize dolaýar. Şonuň üçinem bu baýramy ählimize-de degişli saýýaryn. Toý-baýram bar ýerinde asudalyk, abadanlyk bar. Ony biziň gülşenli günlerimiz aýdyň aýdýar. Toýuň bar ýerinde juwanlyk bar, gowulyk bar, gülzarlyk bar. Muňa biziň bagtyýar zamanamyzyň görkana günleri şaýat. Ol günleriň her pursaty göz guwanjymyz bolan ýaş nesliň ýüregine müdimilik ýazylýar. Sebäbi bu Diýarda olara bolan ynam, söýgi uly. Sebäbi olaryň öňünde ertir bar, ajaýyp zaman bar, ýagty geljek bar.

Bagtyýar bagşylaryň bäsleşigi

Geçmişde rawylar rowaýat, dessançylar dessan aýdyp, bagşydyr sazandalarymyz gazma dutardyr gyjakdan çykýan owaza özboluşly öwüşgin gatyp, halk sazlaryny, aýdymlary döredipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda «Häzirki döwürde türkmen bagşylarynyň, sazandalarynyň we dessançylarynyň örän özboluşly sungaty, köp bölümli simfoniýa deňeşdirilýän biziň üýtgeşik mukamlarymyz agzybirligiň we jebisligiň senasy hökmünde türkmen halkynyň bagty üçin belentden we tüýs ýürekden ýaňlanýar» diýen buýsançly sözler bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda medeni mirasymyzy sarpalamak, olary gorap saklamak, nesillere geçirmek maksady bilen uly işler amala aşyrylýar. Milli äheňdäki nagmalary ýerine ýetirýän ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri-de yzygiderli geçirilýär.

Medeni habarlar

Dostluk sergisi 27-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda ilkinji gezek geçirilýän bilelikdäki türkmen-eýran ýöriteleşdirilen moda we lybas sergisi öz işine başlady. sergide Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň garamagyndaky «Ýeňiş», «Ahal», «Bahar», «Gala», «Bedew», «Bürgüt» ýaly kärhanalaryň öndüren egin-eşikleri we gündelik durmuşda ulanylýan dokma önümleri görkezildi. Ekologiýa taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply milli önümler serginiň esasy bezegine öwrüldi. Bu ýerde «Türkmen Galkan» kärhanasynyň öndürýän aýakgaplary hem sergilendi.

Şinelän arzuwlaryň joşguny

2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilen bagtyýar ýaşlaryň sany has-da artdy. Biz gazetimiziň şu sanynda şeýle bagta eýe bolan ýaşlaryň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. Güýçberdi GULOW,Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby:

Şygryýet

Seniň mertebäňe, seniň sarpaňaHemişe höwesli, hyrydar boldum. Uzak menzillere aýdyň ýol açýanZehiniň ýitelsin, ýoldaş mugallym! Ata Atajanow,Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

Magtymguly Dunaýyň kenarynda

1978-nji ýylyň 28-nji aprelinde Wengriýanyň iň uly «Ýewropa» neşirýatynyň ýolbaşçylarynyň çagyrmagy bilen Budapeşte bardym. Men ol neşirýatda wenger dilinde çykmaly «Türkmen hekaýalary» diýen uly göwrümli ýygyndynyň toplaýjysydym. Aeroportda garşylan dilmaç aýal elgoşumy myhmanhanada goýan badyma, meni göni neşirýatyň baş direktorynyň ýanyna alyp bardy. Garai familiýaly baş direktor nätanşyny alçak garşylady, salam-helikden soň meniň edil garşyma geçip oturdy-da: