Nesilleriň terbiýe mekdebi
Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmek hem-de ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlan ýörite meýilnamasyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Etrap medeniýet merkezinde geçirilen bu söhbetdeşlige etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän dürli kärdäki ýaşlar, tejribeli halypalar gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa çykyş edip, bagtyýar ýaşlaryň müňlerçesini özüne birleşdirýän Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi tarapyndan ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, belent ruhly ýaşlaryň kemala gelmegi babatda wagyz-nesihat çäreleriniň, döredijilik duşuşyklarynyň, zehin bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilýändigini nygtady. Şunda zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen «Magtymguly sözlär, sözün soňlamaz», «Şahyryň arzuwlan zamany geldi» atly döredijilik duşuşyklaryny, akyldar şahyryň halk nakyllaryna, atalar sözlerine öwrülen baý şahyrana dünýäsini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen medeni çäreleri aýratyn bellemek gerek. Çykyş edenler