"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Beýik döwrüň nusgasy

Ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejä eýe bolan Arkadag şäheri bu gün türkmen halkynyň buýsanjyna öwrüldi. Ýerleşýän ýeri, özboluşly taslama aýratynlygy, milli hem häzirki zaman binagärlik tejribeleriniň özara sazlaşygy bilen tapawutlanýan «akylly» şäher dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Ýakynda bu şäheriň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Abraýly halkara baýrak Awstriýanyň paýtagty Wenada Arkadag şäheriniň wekiliýetine halkara işewür jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu hoş habaryň üstüniň ýetirilmegi, ýagny Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy bilen tassyklanylmagy buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Türkmen estradasynyň ýaş zehinleri

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda guralýan bu çäre ýaş aýdymçylar üçin belent sepgitlere badalgadyr. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigi birnäçe tapgyrlarda geçirilip, iň zehinli aýdymçylaryň 10-sy jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin saýlanyp alyndy.

Aýdymly dünýäniň ýyldyzy

ŞAHSY MAGLUMAT: Doglan ýeri: Aşgabat şäheri, 10.09.1990 ý.

«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy»

Şan-şöhraty ýedi yklyma meşhur oguz nesli bolan halkymyzyň at-abraýyny belende göteren beýik şahsyýetleri sarpalamak asylly däbimizdir. Şeýle beýik şahsyýetleriň biri hem dünýä edebiýatyna ägirt uly goşant goşan «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragydyr». Hakdan içen şahyryň watançylygy, gahrymançylygy, adalatlylygy, edep-ekramlylygy nesihat edýän ajaýyp döredijiligi türkmen halkynyň parahatsöýüjilige we ynsanperwerlige eýerýän ruhy dünýäsiniň çeper beýanydyr. Çünki Magtymguly Pyragynyň beýikligi türkmen halkynyň beýikligidir. Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde dana şahyrymyzyň abraý-mertebesiniň şeýle ýokary derejelere çykarylandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy milli şahyrymyzyň ajaýyp waspnamasy boldy. Şol ajaýyp şygyrdan ylham alnyp, 2024-nji ýylymyz akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyryldy. Şu ýylymyzyň bütin dowamynda beýik söz ussadymyzyň ömrüne, döredijiligine, eserleriniň terjimelerine bagyşlanan ençeme çäreler geçirildi, ylmy we edebi kitaplar halka ýetirildi. Bularyň ählisi söýgüli şahyrymyza bolan uly sylag-hormatdan nyşandyr.

Döwletli ýoluň dowamaty

Türkmen halky owal-ahyrda kitaba çuňňur sarpa goýýar. Kitap — dünýäniň syryny açýan gudrat. Türkmençilikde mukaddeslikleri ýüzüňe sylmak parz hasaplanýar. Kitabyň hem ýüze sylynmagy türkmen halkynyň oňa goýýan belent sarpasynyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny halkymyz uly buýsanç duýgulary bilen ýüze sylyp garşylady. Bu ajaýyp eser ýaş nesillerimiz üçin aýratyn gymmatly sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly geçmişimiz, milli taryhymyz barada beýan eden parasatly pikirleri, ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlary biziň her birimiz, ylaýta-da, taryh ugrundan bilim alýan ýaşlar üçin nusgalykdyr. Milli Liderimiziň: «Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin. Şonda adamzat taryhyndaky iň gadymy medeni ojaklaryň hut şu topraklarda döräp, soňra töwereklere, sebitlere, dünýä ýaýrandygy hakyndaky hakykata buýsanýaryn. Dogrudanam, taryh şu ýerden başlanýar. Taryh şu ýerde dowam edýär» diýmek bilen, geçmiş taryhymyzy milli buýsanç esasynda beýan etmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ganatly jümleleriň aňyrsynda Watana bolan söýgi, watançylyk ýaly iň kämil duýgular bar. Çünki milli taryha buýsanç watansöýüjiligiň baş çeşmesidir. Ähli eserlerinde ata Watany söýmegi, gözüň göreji deýin goramagy, eziz görmegi ündeýän Gahryman Arkadagymyzyň: «Ynsana öz Watanyny söýmekden uly bagt ýok

Duýguly dünýä

SAPAK Günbatarda, alkymynda kenaryň,Tyllasow saçlaryn ýaýanda şapak,Durnalar on sekiz öwrüm edende,Durmuş berdi maňa şeýle bir sapak:

Depder sahypasynyň gyralaryndaky ýazgylar (Dostluk köprüsi)

ÖTGÜR HAŞIMOW (1941 — 2013),Özbegistanyň halk ýazyjysy. ÝOL

Pikir hoşalary (Talybyň ýandepderçesinden)

■ Kalbyň gapysyny kakman içerik girip bilýän ýeke-täk zat duýgudyr. ■ Bir göwni awlamak üçin başga bir göwün awulanylmaýar.

Şygryýet bossany

PENJIRE Penjiräm bar, gülli küýze goýmaga,Gyşyň ortasynda ýazy küýsesem.Ýaltanman penjiräň öňüne gelýänHem ýazyň demini alýan küýzeden.

Şygryýet çemeni

MENDIR ÖÝDERSIŇ Ýazsam şygyr baryn guçup dünýäni,Söýgim hemmelere deňdir öýdersiň.Buz bolan aýnaňy kakanda şemal,Umyt bilen bakyp, mendir öýdersiň.

Döwletara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Sebit we dünýä döwletleri bilen strategik, uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gün tertibinde hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyz özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, netijeli hyzmatdaşlygy okgunly işjeňleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji dekabrdaky kabul edişlikleri munuň nobatdaky aýdyň mysallarydyr. Türkmenistan — Özbegistan: Deňhukuklylyk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak

Baş alada — halkymyzyň bagtyýar durmuşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurluşyk işleriniň depgini barha ýokarlanýar. Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş, önümçilik, ýaşaýyş maksatly binalardyr desgalaryň hatary yzygiderli artýar. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden dabaralandyrylan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanmaga berlen täze desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň mysalynda nobatdaky gezek aýdyň göz ýetirmek bolýar. «Gurýan döwlet gurpludyr» diýlişi ýaly, häzirki wagtda durmuşymyzyň dürli ugurlaryna degişli gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň bedew bady bilen okgunly öňe barýandygyny görkezýär. Şu jähetden, 9-njy dekabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde häzirki zaman önümçilik desgalarynyň birbada ikisiniň — kofe we kofe önümlerini hem-de nah ýüplük öndürýän kärhanalaryň dabaraly açylandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan bu önümçilik desgalarynyň ilkinjisine daşary döwletleriň döwrebap tehnologiýaly enjamlarynyň ornaşdyrylmagy kärhanada çig däneli kofäni gaýtadan işläp, her ýylda kofe we kofe önümleriniň 4 müň tonnadan gowragyny öndürmäge mümkinçilik ber

Arkadag şäheri: türkmen gudratyny dünýä aýan edýär

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän täze şäherde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna, gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilýär. 14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen gyşynyň tenekar säheriniň irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan — Eýran: giň mümkinçilikler, täze tejribeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny okgunly durmuşa geçirmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Şunda goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär. Düýn ― 16-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň hem-de Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň açylmagy munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Nusgalyk ýörelgeleriň beýany

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy, Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habar Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary bilen utgaşyp, taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy. Türkmen halky hemişe-de parahatçylygyň, asudalygyň, hoşniýetliligiň we hyzmatdaşlygyň tarapdary. Şöhratly taryhymyzyň many-mazmuna eýlenen sahypalary türkmen Bitaraplygynyň öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny görkezýär. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen nesillerini öz baýdagynyň astynda jemläp, adalatly hökümdarlyga eýe bolupdyr. Ol goňşy bilen goňşynyň özara ylalaşykda ýaşamagynyň, birek-birek bilen gatnaşyk saklamagynyň, sylag-hormatda bolmagynyň berk taglymatyny döredip, öz nesillerine bu ýörelgäni berjaý etmegi sargyt edipdir. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz geçen ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda: «Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr» diýip, türkmen Bitaraplygynyň şöhratly sahyp

Ruhy baýlygyň gymmatly hazynasy

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy» diýip belleýşi ýaly, her bir zadyň aslyna, düýp-teýkaryna, köküne ýetmeseň, şol zat hakynda belli bir netijä gelip bolmaýar. Halkymyzyň arasynda toý-märekede, üýşmeleňde ýaşulularyň ýaş ýigdekçelere ümläp: «How, inim, ýüzüň tanyş weli, bi, kimlerden bolarsyň sen?» diýäýmeleri bar. Jogaby eşidibem: «Hä-ä, şeýledirem öýtdüm-le, tüweleme, ot ýaly oglan, aslyňa çekipsiň-dä» diýerler. Munuň özi her bagyň miwesiniň özünden daşa düşmeýändigini tekrarlamakdyr. Şu jähetden alnanda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby hem köküni dury gözbaşdan alyp gaýdýar. Bu bolsa hakydalara göwher hakykat bolup dolýar. Milli Liderimiziň täze kitabynyň birinji babynyň «Taryh şu ýerden başlanýar» diýen bölüm bilen başlamagynyň özünde aýratyn many-mazmun bar. Onuň şeýledigini bu babyň başyndaky: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler» diýen jümleler aýan edýär. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda türkmen taryhy barada täzeçil ylmy garaýyşlaryny beýan edýär. «Hakyda göwheri» — milli buýsanjymyzyň, şeýle hem geljege bolan ynamymyzyň mizemez binýady bolup, bizi türkmeniň şöhratly taryhyna syýahata äkidýär. Eýsem, ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan

Ýaňlansyn dünýäde dostluk mukamy!

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz Türkmenistan Watanymyzyň Ýer ýüzünde abadançylygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halkara ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirmekde alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň nyşanydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde giňden bellenilmegi hem ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin amatly ýagdaýy döretdi. Bu ugurda milli şahyrymyzyň ýubileýi mynasybetli dürli çäreleriň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de geçirilýändigini bellemek gerek.

Älemi jadylaýan baýram (Oýlanma)

Dekabryň şowhuny beýleki aýlara garanyňda has başgaça. Sebäbi bu aý diňe bir çagalaryň däl, ulularyň hem süýji ýatlamalara berlip, täze-täze umytlar bilen kalbyny doldurýan aýy. Heý, çagaka eline kagyzdyr galam alyp, isleg-arzuwlaryny ýazyp görmedik adam barmyka?! Täze ýylda Aýazbabanyň geljegine ynam bildirip, arzuwly hatlary oňa ýollamak üçin arçanyň ýa ýassygyň aşagyna salyp goýmadygymyzam ýok bolsa gerek. Ýatmazyňdan öň ýassygyň aşagynda goýan arzuw-islegden doly hatjagazyň irden oýananyňda ýokdugyna begenip, emma Aýazbabany görüp bilmedigiňe gynanyp geçiren günleriňi hakydaňda janlandyryp, ýylgyrýaň. Ýazan hatlaryň mazmuny ýadyňa düşmese-de, her ýyl alan sowgatlaryňy ýatlap begenýäň.

Körpelere okap beriň!

TÄZE ÝYL MUKAMY Al-asmanaGalkar göwün.Aýlanýarys,Arça bu gün.

Guş iýmleýänçi (Hekaýa)

...Aşhanamyzyň penjiresiniň daş ýüzüne her gün ir säherde guşlar üýşýär. Özlerem boýunlaryny süýndürip, penjireden öýüň içine seredýärler. «Penjiräni açsam, öýe-de girjek şular» diýip pikir edýärin. Munuň öz sebäbi bar. Öýde guşlary kim ilki görse, çörek owuntyklary bilen naharlaýar. Çöregi bölekläp, penjiräniň daş ýüzünde goýup ýapdygyň, guşlar gürre çozýarlar. Bu gyşyn-ýazyn, ýylyň ähli paslynda gaýtalanýar.