"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Tymsallar

IŇ YGTYBARLY DOST Bir gezek Nejmeddin Kubranyň ýanyna gelip, bir ýaş ýigit özüniň dost tutunmakda ýalňyşýandygyny, nähili adamy dost tutunsa oňat boljakdygyny sorapdyr.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2021-2022-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň tertibi

1. Türkmenistanyň Serhet goşunlary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlandygyny habar berýäris. Okuwa kabul edilýän dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:

Gülläp ösüş — halkyň bagtyýarlygy

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine paýtagtymyzy, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy, şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

Täze ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat

4-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen tassyklanan bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara alnyp, öňe sürüldi. Türkmenistanda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu raýatlaryň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär hem-de her bir adamyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly işlere goşant goşmak hyjuwyny artdyrýar.

Parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi çuňňur mana eýedir. Munuň özi milli Liderimiziň tutuş dünýäde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmagyň bähbidine alyp barýan oňyn işleriniň ýene bir ykrarnamasydyr. Bu gün parahatçylygyň dostlukly ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň üstünden geçýär. Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesidir. Bu syýasat döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, bilelikdäki ykdysady, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebitiň iri energetika döwletine öwrülmek babatynda uly ýol geçdi. Nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Ýaşlar bilen diňe öňe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň rowaçlanýan, türkmen ýaşlarynyň ykbalynyň täze belentliklere göterilýän eşretli eýýamyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünliki durmuşa geçirmäge gönükdirilen syýasy-jemgyýetçilik çäreler ýokary derejede ýaýbaňlandyryldy. Muňa «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda bolup geçen taryhy wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň mynasyp bilim almaklaryna, döwletlilik ýörelgesine görä terbiýelenmegine, sagdyn we berk bedenli bolup, ösüp ýetişmeklerine we hünär öwrenmeklerine gönükdirilen işler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy, bilimleri söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, olary berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmegi hem göz öňünde tutýarys. Bu wezipe döwletimiziň iň möhüm we esasy wezipeleriniň biridir» diýmek bilen, ýaşlaryň ruhy we beden taýdan ösüşini sazlaşykly guramaklyga ünsi çekýär. Munuň özi ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşilýändigini alamatlandyrýar.

Ýaş nesiller üçin gymmatly gollanma

Hormatly Prezidentimiziň baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat beren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitaby şatlygymyzy goşalandyrdy. Durmuş hakykatyny çeper sözüň üsti bilen beýan etmegiň ussady bolan milli Liderimiziň täze eserinde bu hakykat ýene bir ýola öz aýdyň beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, çärýek asyryň dowamynda Bitaraplyk biziň dillerimiziň senasyna, döwletimiziň parahatçylyk tuguna öwrüldi.

Dil öwrenmekde sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almagy we tejribe toplamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek üçin hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak uly ähmiýete eýedir. Munuň özi häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» talaplaryna doly laýyk gelýär.

Ösüşleriň täze döwri

Ata Watanymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda içeri we daşary syýasatda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýokary sepgitlere ýetildi. Uly üstünliklere beslenen geçen ýyl türkmen halkynyň aňyna ebedilik ýazyljak taryhy we şöhratly wakalara baý boldy. Muny iki gezek BMG-niň ykraryna mynasyp bolan baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy uludan tutulan ýylymyzda ýurdumyzda durmuş maksatly amala aşyrylan beýik işler we halkara gatnaşyklarda ýetilen belent sepgitler subut edýär. Ösüşleriň täze döwri hökmünde taryhyň sahypalaryndan orun alan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda gazanylan üstünlikleriň ählisi, ýurt başyna geçen ilkinji gününden bäri «Döwlet adam üçindir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň miwesidir. Ynsanperwer milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalar gurlup, ulanmaga berildi. Bu babatda şeýle uly işleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatynyň has-da artýandygynyň hem-de halkymyzyň durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda uly tagallalar edilýändiginiň subutnamasy boldy.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Terbiýäniň endik usuly

Pederlerimiz ynsana baha berende, ilki bilen onuň edep-terbiýesini göz öňünde tutupdyrlar. Magtymguly Pyragy «Otur-turuşyn görüň» diýen goşgusynda bu barada şeýle diýýär: Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,Märekede otur-turuşyn görüň.Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,Owal ykrarynda duruşyn görüň.

Zehiniň suraty

Onuň özüni görmän, eserlerini synlasaň-a, «Ol öz ýoluny tapan suratkeşdir» diýdirýär. Bu sungatda seýrek gabat gelýän ýagdaý. Sungatyň taryhy jähetinden adaty, ukyp-başarnygy babatda alanyňda weli, «adaty däl» (mümkin däl) diýdirýän geňlik. Şeýle zehinlileriň sungat dünýäsine gelşinden başlap, olaryň döredijiliginiň soňky menzillerine çenli gözlegi täzeçillik bolýar. Olar täzeligiň yşgynda bolansoňlar, beýik işleri döredýän adam hökmünde tanalýar. Biziň hem gürrüňini etmekçi bolýanymyz, entek ol döredijilik ýoluna-ha ymykly düşüberenok, ýöne «ol öz ýoluny tapan» diýdirýän suratkeşdir.

Azajyk derdi aş basar

Uly şowhun bilen geçen toý tamamlandy. Hyzmat edip ýören zenanlaryň biri: — Gyzlar, hany, geliň, unaş keseliň. Çynar, bar, sen gazany atar-da, ho-ol doňduryjydaky jazdan al. Sogandyr pomidor goýaltmasynam taýýarla. Jazy köpräk at, ýaglyja bolsa, süýji bolar. Gülsenem, senem hamyryny taýýarla, birje ýumurtga atmagy-da unutma. Hajar, senem derrewjik noýbany gaýnat — diýip, gyzlara ýüzlendi.

Duýguly dünýä

ARKADAGYŇ AJAP EÝÝAMY GELDI Geçmişi ýagtydyr, geljegi nurdan,Tüýs türkmen halkynyň diýýäni geldi.Buýsan, beýik türkmen, berkarar ýurda,Arkadagyň ajap eýýamy geldi.

Şygryýet çemeni

SYNANŞYK «Men seni söýýäni» kän gezek diýdim,Ömrümden köp gyza nesibe ýetdi.Käbirinden puç dolandy umydym,Käbiri ýanymda ýekesiretdi.

Şygryýet bossany

MEŇZEŞLIK Gorky bilen sahabyny agdarýan,Düşünýän ýarsyna, ýarsy howaýy,Pikirleriň ganatyna müner-de,Çyga boýar owamy.

Gündelikden (Dostluk köprüsi)

Hosiýat RUSTAMOWA, Özbegistanyň «Kitob dunyosi» gazetiniň baş redaktory. GIT GÖZLERIMIŇ ALNYNDAN!

Türkmen Bitaraplygy: belent ynam bilen aýdyň geljege

BMG agza döwletleriň arasynda Aşgabat jemleýji resminamasyny resmi taýdan ýaýratdy Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.

Türkmenistan — Türkiýe: köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

1-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin doganlyk döwletdigini nygtady. Bu döwlet bilen özara gatnaşyklara uzak möhletli, strategik häsiýet mahsusdyr.