Bäsleşigiň jemi jemlenildi
Şu gün welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan öçmez-ýitmez eserleriniň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän makalalar, goşgular we hekaýalar boýunça yglan edilen bu bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň, şeýle hem talyp ýaşlaryň uly toparynyň gatnaşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Bäsleşige iberilen makalalardyr edebi eserleriň Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebi mirasymyza, beýik şahsyýetlerimize goýýan belent sarpasyna, milli mirasymyzy öwrenmeklik üçin döredip berýän giň şertlerine, beýik Pyragynyň eserleriniň umumadamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetine gönükdirilendigi aýratyn bellärliklidir. Bäsleşigiň netijesi boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary Şatlyk Hudaýnazarow we Baý