Dünýä haýran Arkadagyň şäherine!

1 gün öň
45

Il-günümizde bir ýagşy iş edilip, onuňam tarypy dillerde sena bolanda, «dabarasy dag aşdy» diýilýär. Ýaňy-ýakynda Arkadag şäherine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde daşary ýurtly ýokary okuw mekdepleri hem-de kompaniýalary tarapyndan şahadatnamalaryň berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Arkadag şäherine Koreýa Respublikasynyň «Data Science Technology International Co., Ltd.» we «Sawwave Co., Ltd.» kompaniýalarynyň, Hindistanyň Çitkara uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Bilkent uniwersitetiniň Milli nanotehnologiýa ylmy-barlag merkeziniň, Russiýa Federasiýasynyň «Moskwanyň Inžener-fiziki instituty» Milli ylmy-barlag ýadro uniwersitetiniň zatlaryň interneti esasynda infrastrukturany ösdürendigi, intellektual ulag ulgamlary, energiýa taýdan netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça çözgütleri, daşky gurşawy gözegçilikde saklaýandygy we dolandyrýandygy üçin üstünlik şahadatnamalary, şeýle hem ekologik taýdan arassalygy üçin Koreýa Respublikasynyň «Data Science Technology International Co., Ltd.» hem-de «Sawwave Co., Ltd.» kompaniýalarynyň, Rumyniýanyň Milli ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Izmir tehnologiýa institutynyň, Özbegistanyň Samarkant döwlet uniwersitetiniň hil taýdan tapawutlylyk we üstünlik şahadatnamalary gowşuryldy.