Möwsümleýin işler göwnejaý ýerine ýetirilýär

20 Dekabr 2024
40

Häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işler möhüm ähmiýete eýe bolup, bu işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagy wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Häkimleriň hasabatlarynda welaýatlaryň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça, şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini bolsa ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

«Nesil».