"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Adam saglygy — döwlet syýasatymyzyň esasy ugry

Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary hasaba almak işini dowam edýär Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Halkyň saglygynyň berkidilmegine, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge gönükdirilen çäreleriň pugta binýady döredildi.

Parahatçylyk nury bütin dünýä ýaýyldy

Mälim bolşy ýaly, 29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Onda Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy döretmek ugrunda amala aşyrýan işleriniň aýratyn uly ähmiýete eýedigi nygtaldy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyna berilýän ýokary bahadyr. Türkmenistanyň daşary syýasatynda parahatçylyga we ynanyşmaga aýratyn möhüm orun degişlidir. Bu düşünjeler özara bähbitli hyzmatdaşlygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin iňňän zerur bolup durýan möhüm şertlerdir. Munuň hut şeýledigini türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabarada çykyş edenler anyk delilleriň üsti bilen subut etdiler. Oňa daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu dabara BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ÝUN

Ykdysady işiň döwrebap ösüşi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylýan şeýle döwrebap kärhanalaryň işiniň takyk we dogry ýola goýulmagy bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu babatda ykdysady maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar we olar buhgalterçilik hasaba alnyşynda özüniň beýanyny tapýar.

Daşary ýurt dilleriniň okadylyşy kämilleşdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, okatmagyň dünýäde ykrar edilen öňdebaryjy usullaryna we milli tejribä esaslanýan bilim maksatnamalary kabul edilýär. Şolaryň hatarynda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça maksatnamalar hem bar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen daşary ýurt dillerini öwrenmek we öwretmek üçin ähli zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Şondan ugur alnyp, mekdep okuwçylarynyň azyndan üç dili suwara bilmegini gazanmak esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şeýlelikde, ýurdumyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan daşary ýurt dili dersleriniň sany artdyryldy we täze okuw maksatnamalary girizildi. Dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepleriň birnäçesi ulanmaga berildi. Olarda okuwçylaryň daşary ýurt dillerini has çuňňur öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi, daşary ýurt dillerinde täze okuw kitaplary we gollanmalar çap edildi. Ýurdumyzda hereket edýän dil merkezleriniň sany artdyryldy.

Zehinli ýaşlar — şu günümiz hem geljegimiz

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrebap bilimli, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň ýetişmegi, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmekleri üçin uly aladalar edilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berilmelidir. Olara çagalykdan başlap, Watana söýgi, gahrymançylykly geçmişimize, halkymyzyň şöhratly däp-dessurlaryna hormat goýmak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryna we üstünliklerine buýsanmak ýaly häsiýetler mahsus bolmalydyr. Hut şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda biziň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda bilim alýan ýaşlarymyzyň arasynda bu babatda yzygiderli wagyz-nesihat, düşündiriş işleri alnyp barylýar.

Täze maksatnama — täze wezipeler

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Bu maksatnama ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döretmekde, ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagyny üpjün etmekde, olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge ýardam bermekde täzeçil çemeleşmeleri özünde jemleýär.

Halk hazynasyndan ylym hazynasyna (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly talyp il arasyndan halk döredijilik eserlerini ýygnap, olary ylmy taýdan öwrenmäge goşant goşdy Ýaş alym barada maglumat: Gunça Gurbanowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby. Ylmy işi: «Hormatly Prezidentimiziň döredijiliginde milli medeniýet hadysasynyň ylmy-çeper teswiri».

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly şadyýan bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň: «Çagalar, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin mydama döredijilik gözleglerinde bolmalysyňyz. Bilim-ukybyňyzy, zehiniňizi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz» diýen sargytlaryndan, berkarar döwletimiziň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde ata Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini ösdürmekden, kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan, ozal «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy gyzlar gatnaşyp bilerler.

Buýan — şypaly ösümlik

Güneşli Diýarymyzyň Hydyr gezen sahawatly topragy dertlere derman ösümliklere baý. Şolaryň biri-de buýandyr. Halk arasynda «süýji buýan» diýlip atlandyrylýan ösümlik derman serişdesi hökmünde uly meşhurlyga eýe bolup, irki döwürlerden bäri ynsan saglygyny goramakda giňden peýdalanylypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda, şeýle-de Lukman Hekimiň «Melhemler» atly kitabynda buýanyň dermanlyk häsiýetleri, aýratynlyklary, onuň kökünden dermanlyk serişdelerini taýýarlamagyň, ulanmagyň ugurlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Buýan köküniň düzümi glýukoza, saponinler, efir ýaglary, salonin, pigmentler ýaly peýdaly ýokumlyklara baýdyr. Halk lukmançylygynda buýan köki üsgülewük, böwrek, ýokary dem alyş ýollarynyň, on iki barmak içegäniň sökelliklerinde, sürgi hökmünde, inçekeselde, gökbogma, içdäki ýaraly keselleri bejermekde giňden ulanylýar. Buýan kökünden ýasalan däri-dermanlar gijilewügi, allergiýany, ýaralary bejermekde, adamyň immuno ulgamyny ýokarlandyrmakda we başga-da birnäçe kesellerde peýdalanylýar. Onuň köküniň düzüminde saklanýan ýokumlyklar ýokanç keseller, dürli sowuklamalar bilen baglanyşykly beden zäherlenmelerinde zyýansyzlandyryjy we peşew çykaryjy, temperaturany peseldiji serişde hökmünde ulanylýar. Dermanlyk ähmiýeti uly bolan buýan kökünden ýasalýan dermanlaryň ählisi jana şypalydyr

Göwnüm bilen ikiçäk

Aslynda, bu ýana bu golaýda ýolum düşmändir. Gatnaw bolany hem unudylana çalymdaş saýgarar-saýgarmaz ýodajygy yzarlap geldim. Daşyndan göräýmäge, hut şarňyldap duran köşkpisint jaýyň düşäýen halyny... Gapyny kakyp, esli wagt durdum. Soň ýene... ahyry soňky umydym diýenimde, gapyny bir ýaşuly zenan açdy. Gözlerime ynanman, geň galdym. Çünki göz öňüne getirýän, garaşýan sypatym bu däldi. Ýüzüme öýkeli hem içgin nazarlary bilen baka-baka meni içeri saldy. Giň otagyň içinde sowuk ýel öwüsýärdi. Bir burçunda bolsa ejem aýtmyşlaýyn, «jynyň yşygy ýaly» ne ýanandan, ne-de sönenden bolup ot ýanýardy. Garaz, uzyn gepiň keltesi, doganym pahyryň diýşi ýaly, bu ýer, bu zenanyň sypaty, hakyt, «pozulan gurjak ýalydy». Birsalym gözügidijilik bilen däl-de, aňkasy aşgynlyk bilen bu ýeri synlanymdan soň, dymyşlygy hälki zenan bozdy. — Seni haýsy güýç-gudrat getirdi?

Körpelere okap beriň!

GARGA WE MEN — Ak towşanjyk,Ak garjagaz.Ak guzujyk,Ak gazjagaz.

Bägül — gülleriň şasy

Tebigatyň ynsana eçilen gözellikleriniň biri-de güllerdir. Öýleri güller bilen bezemek däbiniň köpasyrlyk taryhy bar. Gelin-gyzlarymyzyň elinden çykýan nepis türkmen halylarynyň nagyşlarynda hem gülleriň bolmagy ýöne ýere däldir. Sebäbi gül diýmek — tebigat diýmek. Meşhur fransuz zenany Gabriel Bonýor Şanel ömrüniň 87 ýylyny zenanlaryň döwrebap egin-eşiklerine we gaýtalanmajak meşhur atyrlaryny ýasamaga bagyş edipdir. Koko Şanel öz atyrlarynyň köp görnüşlerini bägül güllerinden peýdalanyp ýasapdyr. Ony iň bir gyzyklandyran gülleriň biri-de kamelýa bägüli bolupdyr. Ol bu gül bilen Aleksandr Dýumanyň «Kamelýaly zenan» eserini okanyndan soňra içgin gyzyklanyp başlaýar. Kamelýa bägüli fransuzlarda sypaýy adamlaryň esasy güli hasaplanypdyr. Bu gül iki görnüşde, ýagny gyzyl we ak reňkde bolupdyr. Koko diňe ak kamelýany halapdyr. Häzirki wagtda ak kamelýadan boglan gül çemenleri Şaneliň muzeý köşgüni bezeýär. Kamelýa bägüli Şanel üçin gussaly ýatlama güli bolup galýar. Sebäbi Şanel üçin kamelýa güli söýgülisi Artur Keýpel tarapyndan berlen ilkinji we iň soňky sowgatdyr. Ysynyň ýoklugy üçin Şanel atyrlarynda kamelýany peýdalanyp bilmändir. Şonuň üçin tikýän köýneklerini kamelýa gülüniň nusgasyndaky ilikler bilen bezäpdir. Kokonyň durmuşynda bu gülüň orny uly bolupdyr.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Hormatly okyjylylar!

2021-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin goşmaça abuna ýazylyşyk möwsüminiň başlanandygyny habar berýäris.

Watan, saňa hyzmat — ömrüň manysy!

27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere, bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy. Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Röwşen geljege rowaç gadamlar

28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.

Ýagşylygy ýaýýan ýagty ýollar

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda uly üstünlikler bilen garşy alýan her bir ýylymyz şanly wakalara beslenip, bagtyýar halkymyzyň ykbalyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 2021-nji ýylymyz hem ady bilen bagly şanly senelere, ajaýyp wakalara beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän şu ýylymyz hem ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümleriniň ösdürilmegi bilen bagly wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda Türkmenistan döwletimizde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ulag infrastrukturasynyň düýpli ösdürilmegi we Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň geriminiň has-da giňeldilmegi kuwwatly senagat döwletimiziň halkara ulag düzümlerine işjeň goşulyşmagyny şertlendirýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitinde ýerleşýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijiligini ýokarlandyryp, iri ulag merkezine öwrülmegine ýardam berýär.

Şanly toýumyzyň mertebesi

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ine, şeýle kuwwatly Watanymyzda şöhratly türkmen halky erkana, agzybir, abadan we parahat durmuşda ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen mukaddes gymmatlygymyzdan — döwlet Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny uludan toýlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň we taryhy ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýän ýurduna öwrülen Türkmenistan häzirki wagtda ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işlerden ruhlanýan halkymyz bolsa ýokary zähmet üstünlikleri bilen bu şanly baýramçylyga taýýarlyk görýär.

Şugla saçýar Aşgabadyň öwüşgini

Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, giň möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylmagy we şäher gurşawynda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparlary hem munuň nobatdaky subutnamasydyr. Ýeri gelende bellesek, ak mermerli paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýar. Dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüş

Häzirki wagtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmakda we onuň durnuklylygyny üpjün etmekde innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Muny ikinji müňýyllygyň soňky ýarymynda adamzat durmuşyny düýpli özgerden wakalaryň toplumy — senagatlaşma prosesi we ylmy-tehniki ösüş doly subut etdi. Munuň özi dünýä döwletlerinde sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda halk hojalygynyň sanlylaşdyrylmagyny we ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny yzygiderli özleşdirmegi wajyplyga öwürdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär.