"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Duýguly dünýä

GÖRMEDIŇIZMI? Yşkyň mekanyna ýoluňyz düşse,Şahyryň ýüregni görmediňizmi?Şemiň ýagtysyna perwana uçsa,Şahyryň ýüregni görmediňizmi?

Şygryýet çemeni (Dostluk köprüsi)

TERANE TURAN REHIMLI,(Azerbaýjan Respublikasy). BIZ BIR-BIREK ÜÇIN DÖREMÄNDIRIS

Sowuklyk (Oýlanma)

Dekabryň ilkinji hepdesiniň dynç günüdi. «Şu dynç günümi bir adyna mynasyp ýagdaýda geçireýin» diýen tamakinlik bilen säheri garşy aldym. Bolmasa, her dynç güni bir zatjyk tapylyp dur. Daşarda bolsa «hazan ýeli» diýilýäni öwüsýärdi. Sygyrlarymyzyň ot-suwuny, towuklaryň hem höreklik dänesini paýlaşdyrdym. Niýetim: dynç güni ýyly otagda emin-erkin aýagymy uzadyp telewizora tomaşa etmekdi. Ýa bolmasa, gowy görýän eserlerimiň birini okamakdy. Geçen dynç günümi odur-budur elujy kömege çagyryp gelenlere «pida» edipdim. Ertirlik edindim. Şol pursat adymyň tutulýandygyny eşitdim. Içki otagdan daşarky gapa ýöneldim. Gapyny açsam, Söhbet dur. — Eýgilikmi, dost? Irläpsiň welin...

Hikmet hoşalary

■ Adamlaryň köpüsinde şeýle häsiýet bar: kimi-de bolsa birini öz nukdaýnazaryna çekjek bolanlarynda, olaryň özleri juda köp gürleýärler. ■ Dünýäde altyn kän-de, altyna berimsiz dostlar az.

Rowaç gadamlar — döwletli işlere badalga

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki käbir ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Hazar — dostlugyň deňzi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda gol çekilen nobatdaky Ähtnama hem muny doly tassyklaýar Hazar — dostlugyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň deňzidir. Dünýäde geosyýasy we geoykdysady taýdan örän möhüm orun eýeleýän bu deňiz bäş sany kuwwatly senagat döwletlerini birleşdirýär. Häzirki zaman şertlerinde olaryň özara dostlugy we düşünişmegi bolsa, Hazarýaka bäşliginiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmeginde äşgär duýulýar. Muňa sebitiň iki dostlukly ýurdy bolan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ynanyşmaga ygrarlylyk esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ösüşiň innowasion ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Bu babatda ýetilýän belent sepgitlerdir gazanylýan ýokary görkezijiler ýurdumyzda maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan sanly özgertmelerden gözbaş alýar. Munuň özi ykdysady taýdan kuwwatly Türkmenistanda halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işini ösdürmäge we ýurdumyzy güýçli senagat döwletine öwürmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ösüşiň innowasion ýoluny milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Halk hojalygyny sanlylaşdyrmak bilen bagly giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak üçin maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek işi milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» öz beýanyny tapdy. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän degişli konsepsiýa esasynda ýurdumyzda innowasion özgertmeleriň geçirilmegi Türkmenistanyň halk hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we has-da ösmegine mümkinçilik berdi.

Zehin, yhlas, tutanýerlilik üstünlige eltýän ýeke-täk ýoldur

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim, ylym syýasatynda ýaşlaryň ornuna aýratyn üns berlip, olary ylmy gözleglere ruhlandyrmak, halkara olimpiadalara taýýarlamak, bu babatda ýaşlary goldamak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Şoňa görä, ýaşlarymyz bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň gazanan üstünligi hem muňa güwä geçýär. Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersiteti tarapyndan guralan 14-nji Açyk halkara internet olimpiadasynyň super final tapgyryna dünýäniň 10 döwletiniň — Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Ysraýylyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Wýetnamyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 35-sinden 400 gowrak talybyň gatnaşmagy halkara bäsleşigiň näderejede çekeleşikli bolandygyny aýdyň görkezýär.

Ýaşlara ynam — geljege ynam

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna gatnaşmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. 8-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekmegi bu babatda möhüm ädimdir. Ýeri gelende bellesek, 2013-nji ýylyň awgustynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere giň ýol açdy. Şoňa görä, bu kanunçylyk namasynda, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda möhüm wezipeleriň toplumy göz öňünde tutulýar. Bu wezipeler ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň halkara ylmy hy

Sanly bilim ulgamy kämilleşdirilýär

Döwrebap bilimlerden habarly, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine tutuş dünýäde möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň dünýäde ykrar edilen okuw maksatnamalarynyň esasynda okadylmagy, täzeçe we düýpli pikirlenip bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz okuw işiniň has netijeli bolmagy üçin täze-täze başlangyçlary öňe sürýär. Döwrebap ylmy-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen orta mekdepleriniň sany artýar. Olarda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy, internet ulgamyndan peýdalanylmagy okuwçylaryň bu ugurda dünýägaraýşyny artdyrmaga ýardam berýär. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar okuwçylaryň has giň möçberdäki maglumaty kabul etmegine ýardam edýär. Ýagny maglumat birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär. Şeýle-de okuwçylar elektron sözlüklerden we kitaplardan, binýatlyk maglumatlardan we beýlekilerden peýdalanyp bilýärler. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy diňe bir okuw sapaklaryny guramakda ygtybarly gural bolmak bilen çäklenmän, eýsem, terbiýeçilik işlerini geçirmäge-de ýardam berýär. Sapakdan daşary tabşyrylýan ýumuşlary özleşdirmek, täze maglumatlar bilen tanyşmak hem-de maglumat alyşmak üçin sanly ulgam örä

Döwletimiziň mizemez güýji

Türkmenistan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylýan, bagtyýar zamanada döwrebap ylym-bilim alýan ýurdy hökmünde tanalýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda biziň Watanymyzda ýaş nesilleriň ýokary hilli ylym-bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa milli Liderimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy-da aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu babatda ýaşlaryň ýokary şertlerde bilim almagy we ylym öwrenmegi üçin edilýän aladalar Diýarymyzda amala aşyrylýan işlerde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzdaky bilim ojaklarynyň ählisiniň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrýar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler hökmünde taýýarlanylmagyna we has-da kämilleşmegine uly itergi berýär.

Watan — başlaryň täji

Şeýle bir duýgy bar. Ol küti kitaplara-da sygmaýar. Ony iň täsirli, iň nurana sözler bilenem beýan edip bolmaýar. Ol — watançylyk duýgusy. Eýsem, Watan, watançylyk duýgusy nämeden başlanýar? Watanyň serhetden, öý-ojakdan başlanýandygy öz-özünden düşnükli. Galyberse-de, Watan ynsanyň ýüreginden başlanýar. Köp zat kalba, ýürege bagly. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Dünýäde ýaragy güýçlüler däl-de, ýüregi güýçlüler üstün çykýar». Bu anyk. Taryhy alalyň. Taryh — uly bir kitap. Ony sahypalap görüň. Taryh eždatlarymyzyň edermenliginden söhbet açýar. Ynam bilen aýdyp bileris, Watan — ýürekleriň nurudyr. Gadymyýetde türkmen maşgalasynda ogul terbiýesine aýratyn üns berlipdir. Bu häzirem şeýle. Elbetde, Watan üçin, halk üçin dogumly, mert, gaýduwsyz ýigitler gerek. Diýmek, her bir maşgala özi üçin däl-de, Watan hem-de halk üçin ogluny terbiýeleýär. Gör, terbiýäniň düýp manysy nirelerden gelip çykýar. Ýene bir taryhy hakykaty ýatlalyň: gadymyýetde mertlik ýa-da akyl işi esasynda özüne mynasyp at gazanmadyk perzent ömürboýy isimsiz gezibermeli bolupdyr. Türkmen ojagynda ogul dünýä inse: «Bir ýumrugymyz artdy», «Oguldyr döwletiň başy» diýen ýaly buýsançly aýtgylar aýdylypdyr.

Ýurda gulluk — biziň asyl kesbimiz

Ähli döwürlerde ata Watany, ene topragy goramak her ynsanyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky borç hasap edilipdir. Häzirki wagtda hem bu ýörelge özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunda ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçekleriniň alyp barýan işleri örän uludyr. Harby doktrinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň baş maksady ýurdumyzyň milli bähbitleriniň hem-de harby howpsuzlygynyň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň Harby doktrinasy döwletimiziň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörelgelerini, maksatlaryny, harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýär. Şeýle-de ýurdumyzda hereket edýän kanunlar Türkmenistanyň harby-syýasy ugrunyň esaslaryny düzýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň harby borçlulyk we harby gulluk çygrynda Watany goramakda konstitusion borçlaryny ýerine ýetirmekleriniň hukuk binýady «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenendir. Kanunda Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, öz ata Watanyny — Türkmenistany, onuň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga borçludygy berkidilendir. «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny harby gullukçylaryň huku

Ata Watany goramak mukaddes borçdur

Biziň her birimiziň ykbalymyz Watan bilen bagly, Watan — bagtyýar ýaşaýşymyzyň şaýady. Köňüldäki hyjuwymyz, zybandaky dessanymyz, goldaky tarymyz — Watana bolan söýgimiziň nyşany. Şonuň üçin hem türkmen nesli dünýä inen gününden başlap, şular bilen bagly gymmatlyklary beýan edýän hüwdi bilen kemala gelýär. Taryha ser salnanda, bu hakykatyň geçmişiň müňýyllyklaryndan gözbaş alýandygyna göz ýetirmek bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, Watan özüniň gerçekleri bilen beýikdir. Watanyň abraýy merdana ogullary bilen beýgelýär. Bu zatlar ýürege ýazylgy heýkel ýaly müdimidir. Gerçek ogullary terbiýelemek parahatçylykly döwrümizde hem hakyky merdanalygy terbiýelemegiň, durnukly şahsyýetleri kemala getirmegiň möhüm bölegi bolup durýar.

Esger sowgady (Hekaýa)

Daşarda garadam ýasap ýören agtyklary şadyýan sesler bilen: ― Ene, buşluk, kakam size sowgat getirýär! ― diýişip, içerik kürsäp girdiler. Onuň yz ýany bilen ýylgyrjaklap gapydan ätlän harby eşikli ogluny gören ene dessine ýerinden galdy:

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2021-2022-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden taýdan sagdyn, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär: 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2021-2022-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Sport — abadançylygyň we parahatçylygyň ilçisi

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baryp gördi Bu ýerde milli Liderimiz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzy Olimpiýa şäherçesine gelende bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Türkmenistan — Azerbaýjan: energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler 21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.