"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bir kökden gaýdan daragt türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň mysalynda gol-pudak ýaýradyp, täze derejä çykýar

Geçmişiň azym-azym akyldarlary «medeniýet» düşünjesini dürlüçe kesgitläpdirler. Ýöne olaryň hemmesi hem medeniýetiň birek-birek bilen dostana gatnaşyklary ýola goýmakdaky köprüdigine aýratyn üns beripdirler. Şoňa görä, bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni diplomatiýasy netijesinde dünýä ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk giň gerim alýar, şonuň netijesinde bolsa, ykdysady, syýasy ulgamlardaky gatnaşyklar berkidilýär. 21-nji ýanwarda paýtagtymyz Aşgabatda bolan Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny goramaga uly üns berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzda adam we onuň saglygy bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» taglymaty ýurdumyzda has netijeli saglygy goraýyş ulgamynyň kemala getirilmegini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär. Ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynda BMG hem-de onuň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaly iri düzümleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Ulgam boýunça halkara hyzmatdaşlyk we özara tejribe alyşmak wezipesi hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygy we abadançylygy baradaky aladalarynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Yhlas we yzygiderli türgenleşik ýaryşlarda ýeňşe ýetmegiň iň zerur şertidir

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkymyzda «Saglygym — baş baýlygym» diýen pähim bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ol bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary derejeli sporty we tutuşlygyna olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen belent işlere ugrukdyrýan özboluşly çelgidir. Şulardan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşlerinde yhlasly we yzygiderli meşgullanmak bilen, halkara ýaryşlarda ýokary üstünlikleri gazanar ýaly derejede türgenleşikleri geçýärler. Muňa 20-nji ýanwarda milli Liderimiziň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşmagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu baýramçylyk dabaralary türkmen ruhuna laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde olarda häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ösdürilýän sport we olimpiýa hereketiniň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlandyrylyşy öz beýanyny tapmalydyr.

Tebigatyň goragynda ylmy çemeleşmeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeler ähli ugurlar boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä, oba hojalyk pudagy, himiýa senagaty depginli ösdürilýär. Bu pudaklarda ülkämiziň gözel tebigatyny, ynsan saglygy üçin zerur bolan daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bu ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Tebigatymyzyň baýlyklaryny türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň geljekde gülläp ösmegi üçin ýerlikli peýdalanmak, sahawatly topragymyzyň berekedini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Sanly bilim — täze mümkinçilikler

Gülläp ösýän Diýarymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda edilýän aladalar halkymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýar. Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesiller baradaky alada hem döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, bu ugurda ähli zerur şertleriň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ilkinji wezipeleriň hatarynda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini mundan beýläk hem artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Nesil terbiýesi — röwşen geljegiň dowamaty

Ata-babalarymyz ýaş nesli özbaşdak durmuşa taýýarlamaga uly üns beripdir. Öz nesillerine ene topragy, ata Watany janyň-teniň bilen söýmegi, aslyňa, däp-dessurlaryňa, ata-baba dowam edip gelýän milli ýörelgelerimize buýsanmagy öwredipdirler. Türkmen halky öz nesliniň berk bedenli, erk-ygtyýarly, sagdyn pikirli bolmagy ugrunda çäksiz alada edipdir. Ata-enä, ula-kiçä hormat goýmagy, akylly, edep-tertipli bolmagy sargapdyrlar. Ata-babalarymyz öz ogul-gyzlaryny zähmetiň üsti bilen terbiýelemek arkaly ýaş nesliň öz ýagty geljegini özbaşdak, akylly-parasatly gurmagyny gazanypdyrlar. Aslynda, zähmet ynsan ýaşaýşynda iň zerur zatlaryň biridir. Halkymyz zähmete bolan söýgini, öz ukybyna görä hünär saýlamagy esasy şertleriň biri hasaplapdyr. Ýaşlary zähmetiň üsti bilen terbiýelemekde atalar sözüne we nakyllara ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Her bir türkmen maşgalasy çagalary özbaşdak durmuşa taýýarlamakda «Çekseň zähmet — ýagar rehnet», «Halal zähmet — baky döwlet», «Az-az öwrenip, ussa bolarsyň, işlemeseň, hassa bolarsyň», «Hünärli ýigit — miweli agaç» ýaly müňlerçe parasatly sözlere salgylanypdyrlar.

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

DEPDER. ÝAZMAK. OKAMAK Öňki ýazgy — bellik edýän depderim doldy-da, bu gün täzesini tutdum («Tutdum» diýäýýän, okuwçykak «Ýaşlyk» albom tutulýardy, şonuň täsiri bolsa gerek). Muny maňa agam berdi. «Özi ýazdyrýan ýaly» diýýär. Näçe taryp etseň, edibermeli ol depderi: sahypalarynda artykmaç ýazgy — sene, şekil we ş.m. ýok. Öýjük-öýjük däl-de, göni-göni çyzykly. Ýylpyldap, gözüňem gamaşdyranok. Ýüzünde galamyňy isleýşiňçe ýöredibermeli. Muňa nämedir bir zat ýazyp bilseň, ýene köp ýyldan soň hem ony arkaýyn okap bolsa gerek. Çünki kagyzy gowy. 2000-nji ýylda ýöreden bir gündelik depderim düşdi arada elime. Hatymyň düşnüksizligindenem beter, syýa kagyzyň ýüzüne ýaýrap, harplar ýognapdyr, solupdyr. Üstesine-de, sahypalaryň ýüzünde ugrukdyryjy çyzyklar hökmünde edilen öýjük-öýjükler şeýle bir ýiti welin, onuň derdinden ýaňa, haty okamak hyllalla.

Bagtyýarlyk döwrümiziň bagtyýar waspçysy

Sungat ussatlarynyň döredijilik dünýäsi bilen gyzyklananyňda, olaryň ussat bolup ýetişmekleriniň gönezliginiň çagalyk ýyllaryndan gözbaş alýandygyna şaýat bolýarsyň. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem şeýle döredijilik we sungat ussatlaryny ýetişdirmekde ýurdumyzda çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň uly orny bar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan edýän «Merdana nesil», «Iň eýjejik gyzjagaz», Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy hem bu ugurda ýaş zehinleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Ýakynda gowşurylan Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijisi Rahym Ahadow hem döredijilik we sungat dünýäsine ýaňy gadam basan zehinli oglanjyklaryň biri. Rahymyň kalby aýdym-saza teşne. Ol heniz çagajykka deň-duşlary bilen oýnanda hem hemişe aýdymçy ýa sazanda bolardy. Bedräni beýleligine düňderip, saz çalyp, aýdyma gygyryberýän wagtlary az bolmandy. Ol ýatkeşligi bilenem öz ýaşytdaşlaryndan tapawutlanýardy. Bir gezek eşiden aýdymynyň sözlerini, bir gezek okan goşgusyny ikinji gezek ýatdan aýtmagy başarýardy.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Siz muny başararsyňyz! (Kämillige tarap)

Täsirli sözlemek we köpçüligiň öňünde çykyş etmek dogrusynda söhbet — Myrat, sen ertirki geçiriljek baýramçylyk dabarasynda çykyş edip, söz sözlemeli...

Bulaşyk saçly gyzjagaz (Hekaýa)

Il arasynda «Köp çagaly öýde ýürek gysmaga wagtyň bolmaz» diýilýänem bolsa, ýalňyzlyk duýgusy meni çagalygymdan gurşap alypdy. Ýogsam, ýaş aýratynlygymyz üýtgeşik tapawutlanyp durmaýan çülpe çagalardyk. Maňa gyz jigi alyp berseler, ýalňyzlyk duýgusy çaga kalbymdan gider öýderdim. Ýöne bu niýetimem başa barmady. Bäbekhanadan getirilen gyz jigimiň hyrydary köp bolup çykdy. Her kim ony göterjekden, her kim onuň bilen oýnajakdan. Şonuň üçinem çaga kalbym ejemden ýene bir gyz jigi getirmegini haýyş etmeli diýen karara geldi. — Eje, aý, eje!

Üstünlige barýan ýol (Durmuş we biz)

Ägirtler bitiren işleri bilen ýatlanýar. Taryha ser salyp görsek, meşhur şahsyýetleriň aglabasynyň beýik işleri başarandygyna şaýat bolýarys. Şol gazanylan üstünlikleriň aňyrsynda irginsiz zähmet, barlyşyksyz göreş we ýüzlerçe synanyşyk bardyr. Ilkinji synanyşykdaky şowsuzlyk, päsgelçilik olaryň hiç birini hem ruhdan düşürmändir. ■ Lampany oýlap tapmaga synanyşan amerikan alymy Tomas Edisona bir gün şägirdi:

Aşgabat ― şähergurluşygyň döwrebap nusgasy

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze desgalarynyň gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklaýandygyny aýratyn bellemelidiris. Şoňa görä, 18-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän, gurluşygy «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Bu desgalary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Işleri talabalaýyk guramak — döwrüň möhüm talaby

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Iş maslahatyny açyp, milli Liderimiz gurluşyk we senagat, ulag we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýerleri, Balkan welaýatynyň häkimini göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny degişli derejede saklamak meselelerine aýratyn ähmiýet bermelidigine ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

Ýokanç kesellere garşy göreşmekde nobatdaky ädim

Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy 18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Türkmen—owgan gatnaşyklary: däp bolan ýörelgelere ygrarlylyk

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgesi sebitiň ýurtlary bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Owganystan bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeleri bilen birlikde, iki goňşy halkyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän berk dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen hem şertlenendir. Ýeri gelende bellesek, biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de özara kömek bermek ýörelgelerine yzygiderli eýerip, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine iş ýüzünde uly goşant goşup, döredijilikli durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda dostlukly döwlete yzygiderli kömek berýär. Şoňa görä, 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda teleköpri geçirilip, iri desgalar — Akina — Andhoý beketleriniň demir ýol bölegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisi hem-de iki ugur: Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlary ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna, şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiý

Çagalaryň röwşen geljegi — Watanymyzyň bagtyýarlygy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy» boýunça ýerine ýetirilmeli işlere hem badalga berildi. Bu maksatnama ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly çäreleriň depginini çaltlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň «Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we islendik ýaşda hemmeler üçin abadançylyga ýardam bermek» diýip atlandyrylýan 3-nji hem-de «Hemmeleri öz içine alýan we adalatly hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeler üçin tutuş ömrüniň dowamynda okamak mümkinçiligini höweslendirmek» atly 4-nji maksadynyň, ilkinji nobatda, çagalaryň ösüşi hem-de abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy göz öňünde tutulanda, munuň özi ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň öňünde hem jogapkärçilikli wezipeleri goýýar. Gahryman Arkadagymyz: «Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir» diýmek bilen, ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Arkadag paýhasyndan binýat bolan dostluk menzilleri

Ählumumy ösüşiň hem-de abadançylygyň ygtybarly köprüsine öwrülip, dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýar we jebisleşdirýär Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň parahatçylyk söýüjilik merkezi hökmündäki derejesini has-da berkidýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat —Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi, şeýle hem Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy Arkadag paýhasynyň dünýä ýol salýandygy baradaky guwandyryjy hakykaty tutuş Ýer ýüzünde dabaralandyrýar.