"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymy milli Liderimiziň paýhasy bolup Zemine nur saçýar

Bitarap Watanymyzyň daşary syýasaty hakda gürrüň gozgalanda, «Daşary syýasat içerden başlanýar» diýen jümläni ýygy-ýygydan ulanýarys. Täze, 2021-nji ýylyň şygarynyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy babatda-da şu jümläni ulansak, ýerlikli bolar. Hakykatdan-da, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ýurdumyzyň daşary syýasaty we onuň ileri tutýan wezipeleri içeri syýasatymyzdan, halkymyzyň asyrlarboýy ýol-ýörelge edinen ynsanperwer häsiýetlerinden gözbaş alýar. Özi-de olar biri-biriniň üstüni ýetirip, özboluşly sazlaşýar. 2021-nji ýylyň dünýä derejesinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de ýylyň milli derejedäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atlandyrylan şygary munuň şeýledigini ýene bir ýola aýan edýär. Milli Liderimiziň başlangyjy, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen yglan edilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary hakda söhbet edilende, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama aýratyn üns çekilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjynyň öz wagtynda hem-de öňdengörüjilik bilen öňe sürlendigi

Ýaşlar syýasaty dabaralanýar

Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary hilli bilim almagy, ylym öwrenmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi hem-de kämil hünärmenler we şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän döwlet hökmünde tanalýar. Degişli ugurda ýurdumyzda ýaşlaryň öz ýagty geljegini gurmagy — ussat hünärmenler bolup ýetişip, olaryň iş bilen üpjün edilmegi, özleriniň ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine gönükdirmegi hem-de döredijilik äleminde mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin döwlet derejesinde uly tagallalar edilýär. Muňa Türkmenistanda ýaşlar syýasatyny goldamak we döwlet syýasatynyň bu möhüm ugrunyň kanunçylyk binýadyny düýpli we yzygiderli berkitmek babatda alnyp barylýan işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Islendik ýerde-de, islendik döwürde-de ýaşlaryň geljegi, olaryň ösüşi döwlet tarapyndan berilýän goldawa we döwrebap kanunçylyga baglydyr. Muny geçilen durmuş ýolunyň giň tejribesi doly subut etdi. Bu garaýyşlardan ugur alýan ýurdumyzda bolsa, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn bilimli, ylymly, ussat hünärmenler, sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek babatda amala aşyrylan özgertmeler bimöçberdir. 2013-nji ýylyň awgustynd

Lukmançylyk bilimi: döwrebap mümkinçilikler, täze talaplar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem ähli işler, şol sanda okuw, usuly, terbiýeçilik ylmy we bejeriş işleri öňdebaryjy milli we halkara tejribeleri yzygiderli öwrenmek hem-de özleşdirmek arkaly amala aşyrylýar. Häzirki döwürde uniwersitetimizde milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli meýilnama esasynda okuw we usuly işlere degişli kadalaşdyryjy resminamalary halkara derejesine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, halkara akkreditasiýasyny almagy ýola goýmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlary boýunça halkara taslamalara gatnaşmak we daşary ýurtly professor-mugallymlary işe çagyrmak, olaryň uzak aralykdan bilim bermegini işjeňleşdirmek, professor-mugallymlaryň we ylmy işgärleriň halkara žurnallarda makalalary çap etmegini, olaryň halkara ylmy maslahatlara gatnaşmagyny dowam etdirmek babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, lukmançylyk bilimine bildirilýän halkara talaplara laýyklykda, okadylýan dersleriň okuw we iş maksatnamalaryna yzygi

Şu günki yhlas — ertirki hasyl (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly ýaş alym topragy guş dersinden taýýarlanan organomineral dökün bilen baýlaşdyrmagy teklip edýär Ýaş alym barada maglumat: Kadyr Amanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 4-nji ýyl talyby. Işiniň ady: «Ekologiki arassa organomineral dökünleriň netijeli we tygşytly usulda alnyşy».

Başgaby zerbap elguş

Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp nusgalarynyň biri-de elguş bilen aw awlamakdyr. Elguşly awçylyk müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşipdir. Türkmen halky elguşlaryň göwnejaý aw awlamagy üçin, aw esbaplarynyň birnäçesini ýasamagy başarypdyr. Olaryň arasynda zerbap matalardan keşdelenip tikilen ýa-da gaýyşdan gymmatbaha monjuklar dakylyp taýýarlanan başgaplar hem bar. Elguşa başgabyň geýdirilmegi mürüşgäre birnäçe amatlyklary döredipdir. Başgabyň esasy wezipesi belli bir wagtyň dowamynda elguşy görüşden saklaýar. Bu bolsa elguşy köşeşdirmäge ýardam berýär. Başgaplaryň elguşlara ýetirýän täsiri we awçylykdaky orny, türkmen däp-dessurlarynyň süňňüne berk ornaşyp, çuňňur öwrenilmäge mynasypdyr. Ilkinji nobatda, başgap guşuň dyrnaklarynyň arasyndan awy almak üçin ulanylýar. Mürüşgär başgaby guşuň kellesine geýdirip, usullyk bilen awy alýar. Käbir ýagdaýlarda başgap guşy ürkmekden saklamakda hem zerur bolupdyr. Sebäbi elguş gorkup we ürküp bilýär. Ikinjiden, başy gaply guş görmekden galandan soň, adamyň eline tiz öwrenişýär. Guşuň mürüşgäriň sesini we elini tanamagy üçin, başgabyň ähmiýeti uludyr. Eger-de başgaply elguş awa girmäge taýýar edilse-de, mürüşgäriň başga bir zerur aladasy ýüze çykaýsa, günüň dowamynda ol tugurynda oturypdyr. Başgap oňa öý guşlaryna ýa-da beýleki janly-jandarlara zyýan ýetirmeginden saklanmaga kömek berýär. Başgap elguşuň güýjüni biderek ýere ýitirmezl

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Gündelik durmuşda köp ulanylýan 10 aňlatma

Her bir diliň özüne mahsus gündelik durmuşda ulanylýan gysga, emma düşnükli aňlatmalary bolýar. Mysal üçin, işläp oturan adamlaryň ýanyna barlanynda: «Salawmaleýkim, ýadaman işleýäňizmi?» diýen sözleriň deregine: «Salawmaleýkim, armaweriň!» diýlen aňlatma has ýerlikli hasap edilýär. Şunuň ýaly aňlatmalary iňlis dilinde hem öwrenmek biziň söz baýlygymyzy artdyrar we aýtmak isleýän zadymyzy gysga hem-de düşnükli beýan etmäge ýardam eder. Geliň, onda başlalyň! 1. Want a hand?

Ýaşlyk joşguny (Hekaýa)

— Haýdaň-how, ugraýar häzir. Ýet-de, saklasana, Döwran! — Näme, Döwran ylgamak boýunça dünýä çempiony diýip eşitdiňmi? Nädip ýetişeýin, allowarradaky awtobusa?

Paýhaslar sandygyndan

■ Tejribeden döremedik bilimler netijesiz we ýalňyşlyklardan doludyr. ■ Paýhasyň çeşmesi tejribedir.

Goşgular çemeni

BUÝAN Atam bilen gaýdýarysKäte bu belli ýere.Gitdik ýene ikimiz,Ýetdik buýanly ýere.

Watan asudalygy — döwlet berkararlygy

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi. Ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn harby özgertmeleriň ilerledilişiniň barşy, ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylyşy, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň aýratyn möhümdigini we jogapkärlidigini nazara alyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda harby düzgün-tertibi berk gözegçilikde saklamagy, söweşjeň taýýarlygy ýokarlandyrmak, ýaş harby gullukçylary mukaddes raýat we harby borja wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän Watan goragçylarynyň gününi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi hem-d

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuly kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, milli Liderimizi we ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň hoşniýetli arzuwlaryny, gutlag sözlerini ýetirdi. Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, sebitde möhüm orun eýeleýän Türkmenistan bilen öz ýurdunyň umumy maksatlara we bähbitlere gabat gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Ählumumy ösüşiň möhüm çelgileri

Mälim bolşy ýaly, 6-njy ýanwarda paýtagtymyzda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň edara binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Oňa milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şol sanda onlaýn usulynda Azerbaýjanyň, Beýik Britaniýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň žurnalistleri gatnaşdylar. Metbugat maslahatynyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German çykyş edip, tamamlanan ýylda merkeziň ýerine ýetiren işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Aşgabat jemleýji resminamasynyň BMG-niň resmi dillerinde çap edilip, gurama agza döwletlere ýaýradylmagynyň ähmiýeti we dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda öňde durýan wezipeler bilen bagly meseleler bolsa maslahatyň esasy özenini düzdi. Geçen, 2020-nji ýylyň dowamynda möhüm çärelerdir seneleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllyk ýubileýiniň hem-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň ýokary derejede geçirilendigini belläp,

Zehinli ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegi

Öňňin Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi Bu dabarada Aşgabat şäherinden ýeňiji bolan ýaş zehinleriň 19-syna ýörite Şahadatnama hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Düýn bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşleri tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlary boýunça Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna eýe bolan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu baýraga ýurdumyzda jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen zehinli çagalaryň jemi 64-si hem-de iki sany çagalar döredijilik topary mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijileri

Döwletmyrat Maksadow — Aşgabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy. Isgender Rejepow — Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy.

Buýan — derdiň dermany

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri üçin gymmatly gollanmadyr. Milli Liderimiz bu ylmy-ensiklopedik işinde dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň bejerijilik häsiýeti, olardan dermanlyk serişdeleri we melhemleri taýýarlamagyň aýratynlyklary hakynda gymmatly maglumatlary beýan edýär. Ol maglumatlar ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriň biri-de buýandyr. Buýanyň kökünden taýýarlanýan dermanlyk serişdeler antibakteriýal we antioksidant täsirlere eýedir. Onuň şeýle häsiýetleri düzüminde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, askarbin turşusy, saponinler, selen mikroelementi ýaly maddalaryň saklanýandygy bilen baglydyr. Şeýle häsiýetlere eýe bolan buýan köki we ondan taýýarlanýan derman serişdeleri organizmiň zäherlenmelerinde, sowuklamada, gormonal, dem alyş, içege, aşgazan keselleri, inçekeseli bejermekde, immun ulgamynyň bozulmalarynda, böwregi we bagry arassalamakda, dikeltmekde peýdalydyr. Buýan köküniň düzüminde saklanýan glisirrizin turşusy dürli

Gulbaba bagşy

Türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran bagşylaryň hatarynda Gulbabanyň ady hemişe hormat bilen ýatlanýar. Ol 1956-njy ýylyň 22-nji aprelinde Mary şäherinde dünýä inýär. Mana düşmez çagajygyň dutaryň sesine aglamasyny goýmagy, heniz emedekläp ýörkä, dutar-gyjagyň owazyny eşideninden şol tarapa eňmegi kakasy Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň körpejäniň Hakdan berlen zehinini duýmagyna sebäp bolýar. Gulbabanyň durmuşy bilen baglanyşykly wakalar dilden-dile geçip, halk içinde ýaşap ýör. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýen dana sözlerinden ugur alyp, Gulbaba Akyýewiň durmuşy bilen baglanyşykly käbir wakalary guwanç bilen okyjylara ýetirmegi müwessa bildik. SOWGAT BERLEN GYJAK

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

DOKUZYNJY SAHYPADAN SOŇ Kitap okap otyrkam ol kitapda kitap okamaga dahylly şeýle sözlere duşdum: «Döredijilik öýünde ýanyma Aleksandr Bek geldi:

Täze ýylda täze bagt ýa-da bagtly bolmagyň 5 sany esasy şerti

Dünýä döräli bäri ynsan oglunyň iň uly arzuwy bagtly bolmakdyr. Hatda iň bir ýagşy dilegleriň, iň ajaýyp sözleriň, iň gowy gutlaglaryň, iň päk arzuwlaryň hem soňy «Bagtly bol!», «Alnyň, bagtyň açyk bolsun!» diýlen sözler bilen jemlenýär. Eýsem, bagtly bolmagyň syry nämede?! Bu barada tanymal pedagog-psiholog, ýazyjy Jon Izzo dürli kärdäki adamlardan başlap, ýüzlerçe, hatda müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşap geçen söz ussatlarynyň, akyldarlaryň aýdyp geçen dana pähimlerine, beren öwüt-ündewlerine, pikirlerine, şeýle hem nazary garaýyşlaryna salgylanmak arkaly özüniň «Durmuşda bagtly bolmagyň 5 şerti» atly kitabyny ýazýar. Bu kitap durmuşyň iň ýönekeý, şol bir wagtyň özünde hem iň möhüm esaslaryny beýan edýär. Ol her bir adamyň şu aşakdaky 5 ýörelgäni berjaý eden halatynda özüne ebedi bagtly durmuşy gazanyp biljekdigine ynanýar.

Ylham çeşmesi

GAR Wah, söýmeýän barmy ilkinji gary?                                             (N.Rubsow).