"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sport — sagdynlygyň açary

Saglyk ynsanyň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygydyr. Sagdyn jemgyýet bolsa, döwletiň mizemez binýady bolup durýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzda watandaşlarymyzyň sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işleriň netijesinde gazanylýan ösüşler hem äşgär edýär. Ine, şeýle işleriň amala aşyrylmagy bilen ata Watanymyz bütin dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýar. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen amal edilýän ähli döwletli tutumlar häzirki wagtda giň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 13 — 17-nji oktýabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek iri halkara sport ýaryşy bolan Welotrek boýunça dünýä çempionaty hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Saz bilen söhbet

Ol heniz harplygy öwrenýärkä, owaz diýlen zatda nähilidir bir uly güýjüň-gudratyň bardygyny duýýardy. Şeýdip bilesigeliji oglanjyk islendik zatdan özüçe owaz alýardy. Ine, indi şol owazyň awtorynyň sazlary meşhur orkestrde ýaňlanýar! Ol owaz — sazanda Hemra Agageldiýewiňki. Ol eýýäm üçünji synp okuwçysyka elektro depde saz çalyp, toýy sowup ýörenlerden eken. Ol şeýde-şeýde sungatyň syrly ýodasyndan ýola düşýär.

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

GÖRELDE. KITAP. TERBIÝE Taksä mündüm. Münenimdenem telefonymy elime aldym-da, okap oturan kitabymy açyp, başymy galdyrman okadym. Swetlana Aleksiýewiçiň «Sink oglanlar» kitabydy ol. Hakykatdan-da, oňa bir gyzaňsoň, başyňy galdyrasyň geljek däldi. Sürüji wagtal-wagtal yzyny görkezýän aýnadan garaýan eken. Öýe golaýlan uçurlarym ol ilkinji gezek söz gatdy: «Oýun oýnaýaňmy, dost?!». «Ýok, kitap okaýan» diýip, oňa haýsy kitaby okaýandygymy, näme baradadygyny aýtdym. Gyzykly kitaba aşa gümra bolanymda, şu günki ýaly, öz ulagymy sürmän, barjak ýerime çenli taksä münüp, kitap okaýanlygymy aýtdym…

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçiriljek «Talyp gözeli — 2021» atly gözellik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan her bir tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň bähbidi, ähli türkmenistanlylaryň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar dur. Hormatly Prezidentimiziň: «Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salykatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar» diýip, ýaşlara uly ynam bildirmegi ýurdumyzyň her bir raýatynyň öňünde möhüm borçlary goýýar hem-de olary ata Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeltmäge çagyrýar. Milli Liderimiziň ýaşlara bildirýän beýik ynamyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen olaryň arasynda «Talyp gözeli — 2021» atly

«Akyl oýnunyň» 4 gezek çempiony (Siziň deň-duşuňyz)

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri buýsançly, taryhy wakalara beslenip, ýaş nesillerimize hem şatlykly duýgulary bagyş etdi. Ýurdumyzyň birnäçe zehinli çagalary Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp boldular. Şolaryň biri-de Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatyň 9-njy synp okuwçysy Selbinýaz Jumaýewadyr. Selbinýaz bu baýraga sportuň düzzüm görnüşi boýunça birnäçe baýrakly orunlara mynasyp bolandygy, Watanymyzyň sport abraýyny ösdürmekde goşan goşandy üçin ýetdi. Aslynda, Selbinýaza sportuň bu görnüşi bilen özüni bilip başlandan bäri tanyş diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Olaryň tutuş maşgalasy sportuň muşdaklary, sportuň ussatlary. Bu ýagdaý kiçijek Selbinýazjygy hem biparh goýman, onda sporta bolan uly höwesi döredýär. Ol eýýäm 5 ýaşynda mahaly türkmen milli oýny bolan düzzüm oýnuny ymykly ele alýar. Şeýdibem 4-nji synpda Türkmenabat şäherindäki 13-nji küşt we şaşka boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebine gatnap başlaýar we bu ugurda ýokary derejede tejribe toplaýar. «Sportuň bu görnüşi beýnimiziň işjeňligini, ýatkeşligimizi artdyrmaga örän peýdaly» diýýän Selbinýazyň halypasy hem-de atasy Kamyljan Babanyýazow bize şeýle gürrüň berdi:

Şygryýet çemeni

GÖZEL ÝURDUM Türkmenistan — gözel ýurdum,Ajapdyr Aýly gijeleň.Gujagynda maksat tutsaň,Mydam şowlaýar bijeleň.

Ýüzmäge ökde guş

Pingwinler ýüzmäge ökde, ýöne uçup bilmeýän täsin guşlaryň biridir. Bu guşlaryň Ýer şarynyň günorta polýusynda hem-de Ýer togalagynyň ekwatorynda ýaşaýan görnüşleri hem bar. Pingwinleriň Antarktikada ýaşaýan görnüşleri wagtynyň köp bölegini suwda geçirýärler. Bu jandarlar sowugy halaýan hem bolsalar, aşa sowukda üşeýärler. Şeýle ýagdaýda ýüzlerçe agzasy bolan guş sürüsi bir ýere jemlenip, bir ýerde durmak arkaly ýylanýarlar. Süriniň daş tarapynda duran pingwinler iç tarapdakylar bilen ýerlerini yzygiderli çalyşýarlar. Ak-gara reňkli jandarlaryň ýelekleriniň aşagynda ýag gatlagy bolýar. Bu ýag gatlagy hem olary sowukdan goraýar hem-de ýüzenlerinde suw geçirmän, ýeňillik döredýär. Olaryň gara we ak reňkleri ýyrtyjy jandarlardan goranmaga kömek edýär. Gury ýerde olaryň gözi uzakdan görmeýär, ýöne suwuň aşagyndaka has gowy görýär. Pingwinleriň iň ulusy hasaplanýan imperator pingwinleri özlerine höwürtge ýasanmaýarlar. Bu guşlaryň käbir görnüşi gury ýerde daşlardan höwürtge ýasanýarlar. Aýaklary gysgajyk bolansoň, bu guşlar ikibakan yranyp, moýmuldap ýöreýärler. Olaryň iň täsin häsiýetleriniň biri hem ýüzenlerinde diňe bir ganatyny gezekleşdirip ulanýarlar. Pingwinler aw etmek üçin suwuň çuňluklaryna çümýärler. Adatça, 100-200 metr çuňluga çümýän hem bolsalar, kähalatda 500 metre çenli suwuň aşagyna gidýärler. Pingwinleriň jemi 18 görnüşi bolup, olaryň diňe iki görnüşi Antarktikada,

Türkmen arçasy barada bilýärmisiňiz?!

Türkmen arçasy — türkmen tebigatynyň, ylaýta-da, daglarymyzyň bezegi diýsek ýalňyşmarys. Onuň boýy 2 — 10 metr aralygynda bolup, kähalatlarda 25 — 30 metrlik arçalara hem duşmak bolýar. Bu arça aprel-maý aýlarynda gülleýär. Türkmen arçasy deňiz derejesinden 1100 — 2800 metr belentlikde ösüp ýetişmek bilen, esasan, guraksy, daşly eňňitlerde boý alýar. Türkmen arçasy haýal ösüp ýetişýär, ýagny ol ygally ýyllarda 2-3 santimetr, gurak ýyllarda bolsa ýylda 1 santimetr ösýär. Oňa garamazdan, ol gurakçylyga çydamlydyr. Ol yssyny we ýagtylygy söýýär.

Biler bolsaňyz...

■ Günorta Amerikadaky tokaýlaryň ýarysy diýen ýaly Argentinada ýerleşýär. ■ Iň uly pil Afrika pilidir. Onuň agramy 12 tonna barabardyr.

Ellerimiz arassa — janymyz sag

■ Agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly. ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Suratlardaky 7 tapawudy tapyň!

Ak mermerli, ak geljekli Aşgabat

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy 25-nji ýanwarda milli Liderimiz paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.

Gözelligiň göwher gaşy

Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz tagallasy hem yhlasy bilen Aşgabat dünýäde gözelligiň, parahatçylygyň we dost-doganlygyň merkezi hökmünde tanalýar. Ynha, 26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň, onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy muny nobatdaky gezek tassyklady. «Laçyn» iň bir gelim-gidimli seýilgähe öwrüler

Aşgabat

Atýar süýji daňlar ak päle meňzäp,Ganabilmän Gün eglenýär roýuňdan.Kim bagtyny, kim arzuwyn idäp ýör,Läle deý açylan gülleň çogundan. Aý nurun düşeýär aýna ýoluňa,Eçip bolluk bilen sahawatyny.Ýa bu Aýyň uçmah öýdüp ýanyňaBegenip gelşiniň alamatymy?!

Belent ynam bilen ýagty geljege

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly 2021-nji ýyl boýunça ilkinji mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy türkmen ýaşlarynyň durmuşyndaky giň gerimli özgertmelere täzeçe badalga boldy. Ol «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp netijeler bilen dabaralandyrmakda ýaşlarymyzy belent sepgitlere ruhlandyrdy. Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýagty ertirlere bolan ynamymyz. Şoňa görä-de, bu günki gün ýurdumyzyň ygtybarly geljegini üpjün etmek üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlary ilhalar ynsanlar edip ýetişdirmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Olara döwrebap derejede bilim almaklary, ylym we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş raýatlarymyzyň doly derejeli hukuk we durmuş goraglylygy üpjün edilip, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak maksady bilen, degişli kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar. 2013-nji ýylda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu ugurda esasy hukuk resminamasy bolup hyzmat edýär. Ýaşlar syýasaty boýunça geljek bäş ýyla niýetlenen tä

Müşderi-bank gatnaşyklary kämilleşdirilýär

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini artdyrmak, müşderilere sanly tehnologiýalara esaslanýan bank hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda bankyň «Altyn Asyr» bank kartyny ulanyjy müşderilerine hödürleýän döwrebap «Internet-bank», «Mobil-bank», «Cash back» we «Owerdraft» hyzmatlaryny görkezmek bolar. Bank kart hasaplaryny «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdiren müşderiler internet toruna birleşdirilen kompýuteriň, ykjam telefonyň ýa-da planşediň üsti bilen bankyň dürli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýärler. Olar bu hyzmatlar arkaly karzyň esasy bergisini, onuň göterimlerini tölemäge, öý, öýjükli telefonlaryň, IP telewizorlaryň we internetiň hasabyny doldurmaga, ýurdumyzyň teatrlaryndaky sahna oýunlaryna tomaşa etmek üçin «www.turkmenteatrlary.gov.tm» internet sahypasyndan elektron petekleri satyn almaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle hem bu hyzmatlar arkaly bank kartynyň galyndysyny barlamak, geçirilen amallaryň taryhyny görmek, «Altyn Asyr» bank karty ýitirilen ýagdaýynda kart hasabyny özbaşdak togtatmak we beýleki amallar mümkindir. Müşderiler bu hyzmatlary «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «www.tnk.tm» resmi internet sahypasyna girmek bilen ýa-da «Mobil

Bilim — bagtyýarlygyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamy hem täze ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Çünki bu ulgam beýleki pudaklaryň durnukly ösüşinde wajyp ähmiýete eýedir. Bilimli hünärmenler zähmet çekýän pudagynyň üstünliklere eýe bolmagyna itergi berýärler, şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýeti kuwwatlanýar.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Bukjasy bar daraýy

Ata-enesiniň ak patasy bilen bu gün-ertir «Bagt öýüne» tarap ugrajak bolýan gyzyň seplerine gözümiz düşende, gülälekli meýdana seýle geldikmikäk diýipdiris. Läle-reýhan ýaly, gyzylly-ýaşylly owadan lybaslar, ýuka bolsa-da gelinligiň süýjüligini ýaýmakdan saklaýan, tawusyň ýelegi ýaly owadan öýmeler, gonjy uzynly-gysgaly örme joraplar, kitap ýaly gat-gat edilip çatylan, gyzlaryň «iň soňky gül» diýip öwýän gaty we zerli ýaglyklarynyň onlarçasy leýs bolup durdy. Ah, bu seçekleri şabramanyňky ýaly seçelenip duran, älemgoşar öwüşginli, dürli nagyşly düýpli gyňaçlary diýsene! Ony başyndaky topbusynyň üstünden orap, alkymynyň aşagyndan aýlap alyp, pisse dodaklaryny gizläp, yzyna atanda, türkmen gözelleri hüýr-melekleri ýadyňa salýar ahbetin. Keteni, ýüpek, panbarhat, atlaz, parça ýaly milli önümlerden tikilen köýnekleriň ýakasyna we ýeňine nepislik bilen sünnälenen keşdeleri göreniňde welin, hormatly Prezidentimiziň gyz maşgalany ýaşlygyndan milli keşdeçilik, oglan perzentleri bolsa ussaçylyk hünärine ugrukdyrmak baradaky gyzyldan gymmatly sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Geçen ýylyň tomus aýlarynda Gahryman Arkadagymyz welaýatlarymyzda bolup, oba zähmetkeşleri bilen duşuşanda, ýaş nesillere zähmet terbiýesini bermek hakynda aýratyn nygtapdy. Şonda milli Liderimiziň: «Gyza iňňe ber, oglana pil» diýen dürdäne sözleri terbiýeçilik, öwüt-ündew işleri bilen meşgullanýan ildeşlerimizdir

Immuniteti ýokarlandyryjy iýmitler

Ynsan saglygy immun ulgamynyň işjeňligi bilen berk baglanyşyklydyr. Bedeniň immun ulgamyny berkitmek üçin açyk howada gezelenç etmek, bedenterbiýe bilen meşgullanmak, zyýanly endiklerden daşda durmak zerurdyr. Esasan hem, dogry iýmitlenmek bedeniň ätiýaçlyk güýjüni artdyrmak bilen bir hatarda, dürli keselleri döredijilere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Adam bedeni üçin witaminleriň we mikroelementleriň ähmiýeti örän uludyr. Olaryň käbirleri barada gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. «C» witamini — damarlaryň diwaryny berkitmek bilen, immun öýjükleriň emele gelmegine gatnaşýar. Öýjükleri erkin radikallardan goraýar, organizmi wiruslardan goraýan antibedenjikleriň we interferonlaryň emele gelmegini ýokarlandyrýar. Bedeni daşky gurşawyň oňaýsyz täsirlerinden, ýagny her dürli ýokançlardan, bedeniň aşa sowamagyndan goraýar we strese garşy durnuklylygy ýokarlandyrýar. Bu witamin organizmde emele gelmeýär, şonuň üçin bu witamine baý gök önümleri kabul etmek zerurdyr. Bu witamine baý önümler: itburun, smorodina, sitrus miweleri (apelsin, limon), kiwi, zemlýanika, hurma, kelem, bolgar burçy, pomidor.