"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Edebi miras — kämillige ýörelge

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek döwlet syýasatynda wajyp wezipe hökmünde kesgitlendi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, halkymyza wepaly, ylymly-bilimli şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Munuň üçin, ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de bu işi amal etmekde çeper edebiýatyň hem tutýan ornuna uly ähmiýet berilýär. Çünki çeper edebiýat ýaş nesli Watana, il-halka wepaly, tutanýerli, maksada okgunly, arassa ahlakly, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde esasy çeşmeleriň biri bolup durýar. Halkymyzyň döreden her bir eserinden dost-doganlyk, watançylyk, ynsanperwerlik, umuman, ähli döwürler üçin ähmiýetli bolan düşünjeler, garaýyşlar eriş-argaç bolup geçýär. Bu pikirler häzirki döwrüň türkmen edebiýatynda has giň gerim alyp, täzeçe röwüşde şöhlelenýär. Hususan-da, dörediji Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän, milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize bagyşlanan eserleriň ençemesi bar. Olardan «Döwlet guşy» romany, «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly birnäçe ajaýyp kitaplar ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Owgan «dogan» diýer türkmen iline

«Barlan iller, ýörelen ýollar» atly çeper-publisistik toplumdan Hawa, biziň döwrümizde bu sözbaşy has rowaç ýaňlanýar. Sebäbi Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän ynsanperwer daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegi hut biziň günorta goňşymyz Owganystan Yslam Respublikasy bilen bagly.

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

GABADYMDAN GÖRÜNMÄN GEÇEN GÜN Kakamyň oturýan otagynyň penjiresi pesdedi — ýerden, bolaýsa, 2-3 garyş ýokardady. Indi ýadyma düşüşine görä, ol sähel başyny galdyrsa, ýassygyny tirsekläp ýatan ýerinden hem daşarda nämeleriň bolup geçýänini görüp bilýän bolmaly. Çagalyk-da, gowur turuzman, bezzatlyk etmän bolýarmy? Penjiräniň öňünden eýläk-beýläk ötmekçi bolanymyzda, bukdaklabrak geçýärdik. Habarymyz ýok, omadaklap barsaň, has-da göze ilginç bolýanlygyndan. Beýtmegimize-de sebäp bolan zat, kakam bir gezek: «Köşek patanaklan ýaly, düňk-düňküňiz ýatmady-la...» diýip käýinipdi...

Sen — bagtymyň ganatlary

«Duýgular ummany» hekaýatlar toplumyndan Seniň kalbyma haçan aralaşandygyňy, seni haçan söýüp başlandygymy hem anyk aýdyp bilmerin. Çünki haçan seniň yşk oduň kalbymy daglandygyny anyk bilmeýärin. Ony bilibem biljek däl. Indi ony diňe yşkyň dünýäsi bilýär. Syrly günler, yşk owazlary, mukamlary bilýär. Ol indi hiç wagt açyp bolmajak syra öwrülip, yşkdan doly dünýämize ömürbaky siňdi. Bakylyga tarap ädim ätdi.

Tehnologiýa dünýäsi

HALKARA SERGINIŇ IŇ GOWY SMARTFONLARY ■ ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçirilen elektron enjamlaryň halkara sergisinde (CES 2021) dürli enjamlar bilen bir hatarda, smartfonlaryň hem birnäçe görnüşi tanyşdyryldy. Bu ýyl sanly ulgam arkaly geçirilen sergide görkezilýän smartfonlaryň iň gowulary saýlandy. Taýýarlanan sanawda «OnePlus 8 Pro» birinji orna eýe boldy. Geçen ýyl tanyşdyrylan telefonyň 6,78 dýuým ululygynda QHD+ ekrany bar. «Snapdragon 865» mikroprosessory oturdylan smartfonyň hemişelik ýadynyň göwrümi 128 hem-de 256 gigabaýta deň. Telefonyň yz tarapynda dört sany kamera bolup, olaryň ikisi 48 MP durulygynda surata alýar. Şeýle hem 8 MP durulygynda telefoto we 5 MP durulygynda reňk öwüşginini berýän linzalar bar. Telefonyň öň tarapynda bolsa, 16 MP durulygynda selfi kamerasy ýerleşdirilipdir. «Android 10» amaly ulgamynda işleýän telefon çydamlylyk synagynda hem şowly netije görkezipdi.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky şu aşakdaky goýumlary halkymyza hödürleýär:

1. «Talap edilýänçä» goýumy — goýuma serişdeler nagt we nagt däl görnüşinde çäklendirilmedik möçberde möhletsiz kabul edilýär, göterim derejesi 1% ýyllyk. 2. «Gadamy beýik gahryman» goýumy — 3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý göterimi ýyllyk 11%, üstüni dolduryp bolýan goýum. Bu goýum Beýik Watançylyk urşuna we owgan urşuna gatnaşan raýatlar üçin niýetlenen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 100 (bir ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär.

Türkmenistan — Hytaý: gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi Ilçi milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy, pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen ädilen ädimler misilsiz menziline ýeter

Danalaryň biriniň aýdyşy ýaly, parahatçylyk güýç bilen däl-de, düşünişmek arkaly gazanylyp bilner. Hawa, hut düşünişmek we ynanyşmak ýoly bilen. Biz haçan birek-birege ynam edýäris? Elbetde, düşünişmegi başaran halatymyzda. Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat ähmiýetli bu ideýasynyň halkara derejede uly ykrara eýe bolandygyna hemmämiz şaýat. Şoňa görä, üstümizdäki ýylyň şygary hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Ýylymyzyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, 11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly çäre geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylyna ynamly gadam goýdy. Şu ýylyň dowamynda geçirilýän çäreleriň hemmesiniň şanly sene mynasybetli guralýandygy aýratyn guwançlydyr.

Arkadagyň ýaşlar syýasaty: ynamy ödemek — borjumyz

«Bir ýylyň aladasyny etseňiz, däne ekiň. On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň. Ýüz ýylyň, müň ýylyň aladasyny etseňiz, nesil ýetişdiriň» diýen ýörgünli jümlede ýaşlara, röwşen geljegiň rowaçlygyna bolan ynam-umyt äşgär görünýär. Hormatly Prezidentimiz bu jümleleri has berkidip: «Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýýär, olary Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, abraý-mertebesine deňeýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilen täze ýylyň ilkinji günlerinde, Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýaşlara, ýaşlar syýasaty bilen bagly meselä döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň nyşany boldy. Maglumatlardan görnüşi ýaly, islendik ýurduň geljegini ýaşlar kesgitleýär, şoňa görä-de, döwletleriň aglabasynda ýaşlar syýasaty maýa goýumlaryň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Bu bolsa, öňi bilen, geljekde durnukly jemgyýeti kemala getirmekde ýaşlara möhüm ornuň degişlidigi bilen baglanyşyklydyr. XXI asyrda Ýer ýüzüniň ilatynyň aglaba köplügini ýaşlar düzýär. Meselem, diňe Aziýa — Ýuwaş umman sebitine we Merkezi Aziýa ýurtlaryna düný

Ylymly nesiller — döwletimiziň altyn geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylym-bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda türkmen ýaşlaryny watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemek hem-de kämil hünärmenler edip ýetişdirmek babatda durmuşa geçirilýän täze başlangyçlar aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen ýaşlary — Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi. Ýaşlaryň ruhy we beden sagdynlygy, hünär taýýarlygynyň kämilligi, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi beriji güýçdir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde şeýle uly orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly kepillendirýär. Olaryň hukuklaryny üpjün etmek babatdaky zerur şertleriň döredilmegi ýörite kanunlarda we maksatnamalarda öz beýanyny tapýar.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýurdumyzyň maglumat giňişliginde öz beýanyny tapýar

Ösüş döwrebaplygy talap edýär. Biz tehnologiýalar eýýamynda ýaşaýarys. Biziň innowasiýa nukdaýnazaryndan çalt depginler bilen özgerýän dünýämiz durmuşymyzyň ähli ugurlarynyň doly sanlylaşdyrylmagyny ösüşiň baş şerti hökmünde öňe çykarýar. Ösen sanly hyzmatlar ulgamynyň we maglumat giňişliginiň bolmagy durmuşymyzy ähli babatda ýönekeýleşdirmek we ýeňilleşdirmek bilen, gündelik zerurlyklarymyza sarp edilýän wagty hem-de harajatlary tygşytlamaga ýardam berýär. Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletde uzak möhletleýin durnukly ösüşi gazanmak, ilkinji nobatda, ýurduň öňünde ilatyň isleglerini doly kanagatlandyryp biljek sanly hyzmatlar hem-de giň maglumat üpjünçiligi ulgamyny ösdürmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, Türkmenistanda sanly hyzmatlar we maglumat üpjünçiligi ulgamy netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzda degişli ugurda geçirilýän özgertmeler häzirki wagtda hereket edýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda üstünlikli amala aşyrylýar. Muňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «www.iirmfa.edu.tm» internet saýtynyň işe girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Milli nagyşlaryň teşnesi

Aýgözel bilen tanyşlygym onuň egnindäki nepis nagyşly keteni köýnegine nazarym düşen pursadyndan başlady diýsem hem bolýar. Onuň ýanyna baranymy özüm bilmän galypdyryn. Sebäbi gözüň ýagyny iýip barýan keteni meni jadylapdy. Onuň döwrebap biçüwde tikilmegi bolsa, çeper elleriň ussatlygyndan habar berýärdi. Biz onuň bilen edil öňden tanyş ýaly gürrüňleşip gitdik. Bu gyzyň talyp bolmagy mende buýsançly duýgulary oýardy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Aýgözel Amangeldiýewa kämil ylmyň we bilimiň ak ýoluna gadam basan ilkinji ýylynda öz talyp durmuşynda uly üstünliklere eýe bolmagy netijesinde milli nagyşlar bilenem has içgin gyzyklanýar. Çeper elli gyz rus, türk, iňlis we ispan dillerini suwara bilýär. Onuň şol dillerde çeper kitaplary kynçylyksyz okamagy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň köp dili bilmekleri baradaky sargytlaryny, öwüt-ündewlerini talyp durmuşynda ulanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

On alty ýuwlukly ata

Iş telefonymyzyň batly jyňňyrdysy göýä, bir şatlykly wakany habar bermäge gyssanýan ýalydy. Aňyrdan eşidilen dogumly we şadyýan ses onuň şaýady boldy oturyberdi. Sözüni salamdan başlan ýaş ýigit türkmeniň gadymy edep-kadalaryna ygrarlydygyny subut etmek isleýän ýaly bolup, özüne gezek ýeterine garaşdy. «Aýdyberiň, näme hyzmat bolsa, sizi «Nesil» gazeti diňleýär» diýlenden soň, pikirlerini aýyl-saýyl beýan etmäge durdy. «Men S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Ýakup Aýdogdyýew» diýip, ol özüni tanyşdyrdy. Bir sägindi-de, ýigit sözüni dowam etdirdi: «Gazetiňizde çap edilen «Ýüz çowlukly ene» atly makalany okap, juda begendim. Sebäbi biziň öýümizde-de şeýle uzak ýaşly, giň döwletli ynsanlaryň biri ýaşaýar. 103 ýaşly garry atam Aýdogdy Amadyýewiň 38 agtygy, 88 çowlugy, 16 ýuwlugy bar. Atam bagtyýar zamanamyzyň şu eşretli günlerinde gowulyk görmegi arzuw edýär» diýdi. Il-gün bir gowy zat, ýagşyny ýaýyp, ýagşylygy ýüzüňe sylmak neneň ajaýyp?! ― diýdik-de, «Niredesiň Marynyň Peşanaly geňeşligi?!» diýip işe girişdik. Şu pursatda hormatly Prezidentimiziň bimöçber uly aladalary bilen ýurdumyzy ähli ulgamlar boýunça sanlylaşdyrmagyň ähmiýetine ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Görsene muny, salym geçmänkä bir asyry arka atan Aýdogdy aganyň nebereleri bilen düşen suratlary-da, külterlän ömür menzilleri baradaky maglumatlar-da, 1941 ― 1945-nji ýyllaryň

Galyp (Mizemez miras)

Türkmen senetkärleriniň işleriniň ilerlemeginde galybyň orny uly bolupdyr. Küýzegärlikde küýze, golça, gulply küýze, hum, humdan ýaly palçykdan her dürli önümleri ýasamakda we şekil bermekde galyplar ulanylypdyr. Gadymy «Erkin gün» atly dessanynda Nowruz gelip, Gün gaty gyzdyryp ugransoň, howruna demir eredilendigi barada gürrüň berilýär. Çoýundan we demirden dürli gaplary, gazanlary, tüňçeleri, taňkalary ýasan türkmen senetkärleri olaryň özüne mahsus galypdan peýdalanypdyrlar. Binagärlikde ulanylýan galyplaryň durnukly hem-de berk ymaratlaryň emele gelmeginde ähmiýeti uludyr. Gadymy ata-babalarymyz şeýle galyplarda kerpiç guýupdyrlar. Agaç ussalary galyplary söwüt hem-de erik baglarynyň guran agaçlaryndan ýasapdyrlar. Uly adamlar üçin dört-bäş, hat-da ondanam köp gözli galyplar ýasalypdyr. Ýetginjekler üçin iki-üç gözli galyplar buýrulypdyr. Şeýle galyplarda kerpiç guýlupdyr. Galyplar kerpiçleriň ululygyna-kiçiligine laýyklanypdyr. Ilki belli bir uzynlykdaky we giňlikdäki tekiz tagta alnyp, soňra arasy bölek tagtajyklar bilen bölünipdir. Neçjarlar şol aralyk tagtajyklaryň insiz tarapyny ildirgiç görnüşli taslapdyrlar. Daşyndan, töwerekleýin geçýän tagtadan bolsa, içi deşiklije orundan edilipdir. Soň-soňlar aralykdaky tagtajyklary çüý bilen berkitmek arkaly galyp ýasamak giňden ýaýrapdyr. Şeýle galyplar doly taýýar bolansoň, tagtasy çişip, ýerbe-ýer bolar ýaly, suwa atyp goýup

Duýguly dünýä

BIR SÖZ Ýagşy sözde kerem gördüm,Ilimi şat, zereň gördüm,Ýere gonmuş Erem gördüm,Mundadyr bossan diýerin.

Dostluk köprüsi

Swetlana MELNIKOWA-PIWOWAROWA,(Belarus Respublikasy). ŞAPAK ŞÖHLESINDÄKI ŞÄHER

Serimi sämeden söýgi (Oýlanma)

Ol özi hakynda oýlanma ýa-da hekaýa ýazmagymy haýyş ederdi. Dogrusy, şu wagtam hatlarynda çap bolan hekaýalarymyň gahrymanlaryny sanap: «Şolar hakda ýazmak aňsat-da, maňa gezek gelende...» diýip, az-kem öýkesini bildirýär. Wah, ol nireden bilsin?! Ýazmagyň, pozmagyň, ylhamyň nämedigini niçiksi ýol bilen oňa düşündirerin?! Bu-da wagt ýaly düşündirmesi müşgil bir zat-da. Wagtyňam nämedigini hemme bilýändir, ýöne düşündirip biläýmez her kes... Gulluk tabşyrygynda duran howlymdaky gyşyň ir ertirki sowugyndan ýaňa gyrawlan, bir zatdan göwni galan ýaly başyny aşak egip duran, häzir çalaja pitikläýseň dagy edil şoňa garaşyp duran ýaly, derrew gül ýapraklaryny dökäýjege çalym edýän güller ýene-de meni ünjä batyrdy. Olary salyň üstünde duran söýgime meňzetdim. Sowuk uran elwan güllerden nazarymy sowup bilmän oturyşyma, ýatlamalaryň mähnet tolkunlary meni suw ýaly çalt akyp geçen talyplyk ýyllaryna gaýybana syýahata äkitdi.

Aýdyň maksatly ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ugurlaryň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Hasabatlary degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.