"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Daşary syýasatymyzyň möhüm ugurlary kesgitlenildi

Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň halkara ugrunyň yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, 9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirmegi möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz asylly däbe eýerip, iş kesilen 276 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Durnukly parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylyk

Durnukly parahatçylyk we halkara howpsuzlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan terrorçylygyň ählumumy derejedäki wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etmegi möhüm ähmiýete eýedir. Iri halkara guramanyň wekili özüne Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary sylagyň — ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda barha üstünlikli ilerledilýän Bitaraplyk konsepsiýasy hem-de ýörelgeleri Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasy hökmünde özüni görkezdi.

Netijeli hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilip, sebit boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde anyk işler alnyp barylýar. 11-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etmegi munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Myhman Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz özara gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hanym Teri Hakala minnetdarlyk bildirip, ony Finlýandiýanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça ýörite wekili hökmünde bellenilmegi mynasybetli gutlady hem-de jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bitaraplyk — parahatçylyk taglymaty

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, parahatçylygy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şoňa görä-de, 12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Şanly baýrama bagyşlanan çäreler Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Bu dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem bu ýere ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Ýaşulular — asylly ýörelgeleriň we parasatlylygyň nusgasy

Halkymyzda ýaşulular milletimiz, aýratyn-da, ýaş nesillerimiz üçin asylly ýörelgeleriň we parasatlylygyň nusgasy, görelde mekdebi bolup gelýär. Şu jähetden, 10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. ÝAŞULULAR GEŇEŞINIŇ ALYP BARÝAN IŞLERINE GARALDY

Türkmen halky — gursagy Allaly halk

Ýagşy işler asylly däp-dessurlardan başlanýar Halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleri, maşgala gymmatlyklary häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýär. 11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berilmegi muny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň beýik nusgasy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp 11-nji dekabrda paýtagtymyzda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Iri foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary, halkara, sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň ugurdaş düzümleriniň, ÝB-niň, TDG-niň wekilleri, halkara gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamy boýunça iş alyp barýan bilermenler, ýaşlar, raýat jemgyýetiniň, ylmy-barlag merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara maslahatyň ýokary derejeli mejlisiniň açylyş dabarasy paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalar bilen bilelikde guralan sergi ýaýbaňlandyryldy. Bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahatyň möhüm seneleri öz içine alýan geljek ýylyň öňüsyrasynda geçirilýändigi aýratyn ähmiýete eýedir. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bar.

Şa serpaý — ykbaldan uly paý

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli sylaglar gowşuryldy Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklar we seneler mynasybetli döredijilikli hem-de halal zähmet çekýän ildeşlerimiz döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Asylly däbe eýerip, 10-njy dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi.

Döredijilikli we yhlasly zähmetiň sarpasy

10-njy dekabrda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşant goşan, dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, şeýle-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak dabaralary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, biz hem döwletimiziň sylag-serpaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Halkymyzyň belent buýsanjynyň beýany

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr. Ol ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. 12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi, oňa döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy milli we halkara ähmiýete eýe bolup, sebitde, bütin dünýäde parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň wajyp şerti hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde geçirilen dabara ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem tomaşaçylaryň hatarynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar boldy. Olaryň bu çärelere gatnaşmagy ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, hoşniýetli goňşuçylyk, halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýar.

«Maksatlar myrat tapyp, bagta ulaşsyn dünýä!»

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyz sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berip, bu babatda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Her ýylyň 12-nji dekabrynda milli senenamamyzda möhüm orun alan Halkara Bitaraplyk gününiň giňden bellenilip geçilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzalygyna saýlanmak bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda guramanyň Baş Assambleýasynda Bitaraplyk babatda ilkinji resminama kabul edilip, Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edildi. Bu resminama ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolmagynda galýandygyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.

Tebigy baýlyklarymyz halkymyzyň rysgal çeşmesidir

Şu gün ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär Ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, şu gün — 14-nji dekabrda ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň giňden dabaralandyrylmagy wajyp ähmiýete eýedir.

Gapydaky hat (Durmuş we biz)

Bu gün kakam gaty gijikdi-le, işden geler wagtyndan on minut ötüpdir. Gapymyz hem kakylman geçdi. Diňe iniňi tikenekledýän harasat mahal-mahal penjirämizi kakyp ötýär. Öýde ejem ikimiz. Ýanyp duran ýekeje şem. Daşarda bolsa dekabr. Ejem görgüli meni garaşmak duýgusyndan halas etmek üçin erteki gürrüň bermäge durdy. Wakalaryň iň gyzykly ýerini aýdyp başlanynda kakam hakydamda janlanyp, kalbym eleniberýär. Bütinleý ertekiden ünsüm sowulýar. Wiý, ýogsa-da, kakam maňa her gün şokolad getirip berýärdi ahyryn, ol bu gün nähili şokolad getirerkä? Men ol gün, hakykatdan-da, kakama garaşdymmykam ýa-da şokoladyma? Belki, şokolada garaşan bolmagymam ahmal, ýöne şokoladam kakaň getirende süýji bolýar ahyryn. Dünýäniň ähli kakalary öz çagalaryna şokolad getirýäni üçinem söýülmäge haklydyr! Dünýäniň ähli çagalary bagtlydyrlar. Hemmelerem kakalaryna garaşýar ahyryn.

Milli ykdysadyýet: durnukly ösüş üpjün edilýär

Häzirki wagtda ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Muňa 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi aýdyň şaýatlyk edýär. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz degişli döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ata Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi we ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyny aýdyp, bu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de şu ýylyň 2-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi aýdyldy. Munuň özi Watanymyzyň ählumumy derejede parahatçylygy goramak ugrunda edýän tagallalarynyň giň goldaw tapýandygynyň nobatdaky nyşanydyr. ÝURDUMYZYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY BERKIDILÝÄR

Nýu-Ýorkdan hoş habar

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamany kabul etdi Ministrler Kabinetiniň 6-njy dekabrda geçirilen mejlisinde BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan ýurdumyza hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, 2-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Çagalaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr

Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir Halkymyz gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerlik, haýyr işleri etmäge ymtylmak, birek-birege goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri baş ugur edinipdir. Häzirki döwürde bu ýörelgeler döwlet derejesinde dowam etdirilip, ata-enesinden jyda düşen çagalary jemgyýete uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň ulgamynda öz beýanyny tapýar. Muňa 7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi nobatdaky gezek aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki çykyşy

(Arkadag şäheri, 2024-nji ýylyň 7-nji dekabry) Hormatly müdiriýetiň agzalary!

Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyz daşary syýasatda hoşniýetli, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Eziz Diýarymyz bilen köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmalaryň barha artýandygy hemişelik Bitaraplygymyzyň hem-de «Açyk gapylar» syýasatynyň möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Halkara gatnaşyklarda gazanan milli tejribämiz bütin dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýar. Şonuň netijesinde, ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk halkara hukuk derejesi öz ähmiýetini barha artdyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýäniň syýasy senenamasynda täze baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň döredilmegi bolsa ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň parahatçylyk söýüjilige, özara bähbitli hyzmatdaşlyga we hoşniýetli gatnaşyklara daýanýandygynyň möhüm görkezijisidir.

Bitaraplyk — parahatçylyk we dostluk ýörelgämiz

Hemişelik Bitaraplygymyz parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, biz ony «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyrmak bilen, halkara gatnaşyklarymyza aýratyn häsiýet berýäris. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry biziň halkymyz üçin diňe bir ähmiýetli sene bolman, eýsem, ol, hakykatdan-da, ykbal çözüji pursada we Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhynyň okgunly ösüşiniň ýol görkezijisine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ýörelgeleriň baş maksady ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen hoşniýetli erke daýanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekden, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu ýörelge Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär.