"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen tagallalar

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny netijeli ösdürmek bilen bagly işler üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa 29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Hususan-da, Mejlisiň Başlygynyň maglumaty, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny ösdürmek bilen bagly öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekmek bilen, wise-premýerlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 850-den GOWRAK GÖÇME SÖWDA NOKADY GURALAR

Halk diplomatiýasy — parahatçylygyň kämil nusgasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen, şol sanda abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugruna berk eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, 29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrmagy köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisindäki çykyşy

Hormatly geňeşiň agzalary we mejlise gatnaşyjylar! Bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma hem-de geňeşiň agzasy Atilla Tilkä minnetdarlygymy bildirýärin. Aksakgallar geňeşiniň abraýynyň ýylsaýyn artmagynda geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň uly goşandyny bellemek isleýärin.

Milli kanunçylyk binýady berkidilýär

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de ýurdumyz tarapyndan tassyklanan halkara konwensiýalaryň düzgünlerine laýyklykda işlenip taýýarlanýan kanunçylyk namalary Watanymyzyň uzak möhletleýin esasda gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýady üpjün edýär. Şeýle-de durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Maslahata wise-premýerler, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna garamak gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary barada Mejlisiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. 31-nji maýda we 15-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuny taslamasy boýunça anyk tekliplerini beýan edipdi. Deputatlar «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býu

Taryh şu ýerden başlanýar

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek «Hakyda göwheri» atly kitabynyň çapdan çykmagy bütin halkymyz üçin gymmatly sowgat bolup, şu günler täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerime eýe bolýar. Şolaryň biri-de 30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Täze kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär. Çünki hormatly Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Gahryman Arkadagymyz bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwleti», «Horezmşalar döwleti» diýlip atlandyrylan bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir.

Egsilmez ruhy hazyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, halka ýetirmek, dürli dillere terjime etmek hem-de bütin dünýäde giňden dabaralandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly atamyzyň şygryýeti häzirki zaman türkmen pedagogikasynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülip, islendik dersde hem biz — mugallymlaryň ilkinji gollanmalarymyzyň biridir. Beýik akyldaryň ölmez-ýitmez goşgularyndaky pelsepewi pikirler, parasatly garaýyşlar ylmyň dürli ugurlarynyň nukdaýnazaryndan içgin seljerilip, ýaş nesillerimize kämil bilim-terbiýe bermekde örän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem Magtymguly atamyzyň goşgular kitaby islendik dersden sapak berýän bilim işgäriniň hemişelik hemrasydyr.

Ýaş zehinleriň halkara üstünligi

Täze taryhy döwrümizde türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmegi, şeýle-de ýurdumyzda halkara olimpiadalaryň yzygiderli geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, 25 — 30-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadanyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipelerden ugur alnyp geçirilen halkara olimpiada biziň döwletimizden we daşary ýurtlardan talyplaryň 220-ä golaýy gatnaşdy.

Röwşen geljegiň çyragy

Ylym-bilime söýgi, öwrenmäge bolan hyjuw milli aýratynlyklarymyzyň biridir. Bu biziň ýaşlarymyzyň okamaga bolan höwesini, bilimli bolmak ukybyny kämilleşdirýär. Häzirki zaman dünýäsinde kitabyň, ylym-bilimiň tutýan orny örän uludyr. Ösüşlerdir täze-täze maglumatlar ýaşlaryň bilimli bolmak ukybyny has-da artdyrýar, maglumatlary öwrenmegiň täze usulyny, dünýägaraýşy giňeltmegiň täze görnüşini kemala getirýär. Döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak wezipesi häzirki zaman ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasy ugry bolup durýar we bu täze garaýyşlar ýaş nesliň okadylyşynyň mazmunyna düýpli täsirini ýetirýär. Milli we halkara ders olimpiadalarynda, abraýly ylmy bäsleşiklerde ýeňiş gazanýanlaryň arasynda ýaş watandaşlarymyzyň sanynyň barha artmagy bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Rowaçly menzillere badalga

Jemgyýetimiziň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, «Biziň döwrümiz ylmyň hem bilimiň döwri» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan döwletimizde bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak, ýaş nesilleri kämil bilimli we terbiýeli edip ýetişdirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde umumybilim berýän mekdeplere, hususan-da, başlangyç bilim derejesine möhüm ornuň degişlidigini bellemelidiris. Çünki bu bilim derejesiniň maksatnamalary okuwçynyň şahsyýetiniň kemala getirilmegine, onuň bilim işinde şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda okamagy, ýazmagy, hasaplamagy, nazary pikirlenmegiň tärlerini ele almagyna gönükdirilendir.

Zehin. Ylym. Sport (Siziň deň-duşuňyz)

Zehin — ylahydan berilýän peşgeş. Zehiniň derejesi ummasyz beýiklige deňelýär. Şu ýylyň 4 — 11-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä zehin sportlary federasiýasynyň olimpiadasyna (MEMORIAD — 2024) «Anzan Mega Arithmetic» maksatnamasy boýunça gatnaşan türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň gazanan netijeleri dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Olimpiada ýurdumyzda hereket edýän «Kämil bilim», «Bilim ýoly» hem-de «Altyn göreç» okuw merkezlerinde bu maksatnama boýunça okaýan mekdep okuwçylarynyň ençemesi gatnaşdylar. Olar dünýä döwletleriniň 60-dan gowragyndan gelen iň zehinli türgenleriň 150-ä golaýy bilen ýaryşdylar.

Taryhçy bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

Adam öz gyzyklanmasyny geljekki hünäri bilen utgaşdyrsa, onuň üstünlik gazanjakdygy ikuçsuz. Şonuň üçin bolsa gerek, kiçiligimden bäri taryh dersini aýratyn gowy görýärin. Bu ylmyň baş wezipeleriniň biri hem adamzat jemgyýetiniň döreýşini we ösüşini öwrenmek bolup durýar. Täze taryhy döwrümizde her bir ýylymyz buýsançly wakalara beslenýär. Geçen okuw ýylynda taryh dersinden «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda 1-nji orna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda ýurdumyzyň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Watanyň daýanjy — bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!» atly olimpiadada bolsa 3-nji orna mynasyp bolmagym indiki gazanjak ýeňişlerimiň badalgasy boldy.

Parahatçylyk: çagalaryň sesi

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

Şygryýetdäki ilkinji ädimler

DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY Magtymguly Pyragy —Dünýäniň akyldary.Ýazyp şygyr-bossanyn,Gezdi Eýran, Yragy.

Ýeňiji (Hekaýa)

Serdar taryh dersini aýratyn gowy görýärdi. Ol bu ugur bilen bagly kitaplary ürç edip okaýardy. Her sapakda mugallymy bilen Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy barada söhbet edip, pikir-garaýyşlaryny paýlaşardy, täze maglumatlar öwrenerdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralanýan günlerinde geçiriljek dersara olimpiada baradaky habar oglanjygyň geljekki ýeňişleriniň buşlukçysy boldy. Geçen ýyllarda 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan yhlasly oglanjyk indi bu ýylky ders bäsleşiginde 1-nji orna ymtylýardy. «Bäsleşik geçiriljekmişin» diýen habardan soň-a Serdary öýünden gözläbem tapyp bolmady. Eger-de Serdaryň gerekligi çyn bolsa, onda haýal etmän mekdep kitaphanasynyň okalga zalyna baraýmalydy.

Mähriban çagalar, suratlardaky 10 tapawudy tapyň!

Oba hojalyk pudagy kämilleşdirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagyny okgunly ösdürmek boýunça işler sazlaşykly utgaşdyrylýar. Muňa 25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň mysalynda nobatdaky gezek aýdyň göz ýetirmek bolýar. Iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, häkimleriň sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, welaýatlarda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy.

Dostluk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary häzirki wagtda barha okgunly häsiýete eýe bolýar, hoşniýetlilik, açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul edişlikleri, telefon arkaly söhbetdeşligi aýdyň görkezýär. ■ 25-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz hem-de Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň başlangyçlaryňyz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan belent sepgitlere ýetýär, taryhy ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, döwletimiz ýagty geljege, has beýik ösüşlere tarap ynamly barýar. Häzirki wagtda geçmiş taryhymyz ebedileşdirilip, milli ýolumyz döwrebap derejede dowam etdirilýär.

Beýik döwletiň beýik milleti bardyr

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby bütin halkymyz üçin gymmatly sowgatdyr Çeper döredijilige gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, däp bolşy ýaly, zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolup, «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny ýazmagy bütin halkymyzy begendirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji noýabrda Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirip, onuň barşynda täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Munuň özi ýurdumyzda milli taryhymyzy, medeniýetimizi we gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, ony geljek nesillere ýetirmäge, dünýä ýaýmaga aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 25-nji noýabry) Eziz watandaşlar!