Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurluşyk işleriniň depgini barha ýokarlanýar. Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş, önümçilik, ýaşaýyş maksatly binalardyr desgalaryň hatary yzygiderli artýar. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden dabaralandyrylan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanmaga berlen täze desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň mysalynda nobatdaky gezek aýdyň göz ýetirmek bolýar.
«Gurýan döwlet gurpludyr» diýlişi ýaly, häzirki wagtda durmuşymyzyň dürli ugurlaryna degişli gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň bedew bady bilen okgunly öňe barýandygyny görkezýär. Şu jähetden, 9-njy dekabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde häzirki zaman önümçilik desgalarynyň birbada ikisiniň — kofe we kofe önümlerini hem-de nah ýüplük öndürýän kärhanalaryň dabaraly açylandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan bu önümçilik desgalarynyň ilkinjisine daşary döwletleriň döwrebap tehnologiýaly enjamlarynyň ornaşdyrylmagy kärhanada çig däneli kofäni gaýtadan işläp, her ýylda kofe we kofe önümleriniň 4 müň tonnadan gowragyny öndürmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde işe girizilen ýüplük öndürýän kärhana ýylda 5 müň tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işläp, ondan 4 müň 250 tonnadan gowrak dürli belgidäki ýüplükler öndüriler.