«KIÇIJEK ADAMYŇ GÜRRÜŇLERI» HEKAÝALAR TOPLUMYNDAN
Men ony gören dessime begenjimden ýaňa ýüregim agzymdan çykaýjak boldy. Bu şoldy, maňa köp ýagşylyk eden, birwagt elimden tutup, goldan-goran, meniň şu günki ýeten derejäme sebäp bolan adamdy. Men ony köp wagt bäri görmändim, nirededigini, näme iş bilen meşguldygyny, haýsy künjekde ýaşaýandygyny sorap-idäp anyklapdym, emma ýanyna barmaga aýgyt edip bilmeýärdim.