Söz sizden, Ýaşlar baýragynyň eýeleri!

22 Noýabr 2024
255

Joşgun PUHANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň 4-nji ýyl harby talyby:

— Watan goragy — mukaddesligiň goragy. Şoňa görä-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaraly harby ýörişe gatnaşmagym, şeýle-de Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmagym kalbyma egsilmez ylham bagyşlady. Bu tolgundyryjy wakalar Watanymyza, halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza bolan guwanç, buýsanç duýgularymyzy goşalandyrdy. Biz — bagtdan paýly, sylagdan serpaýly ýaşlar! Ýaş nesillere uly ynam bildirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza bimöçber sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

«Nesil».