Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şu jähetden, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşi halk bähbidini nazarlaýan beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz çuňňur mazmunly çykyş edip, ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemlemek bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz belent sepgitlere ýetdi. Döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň görkezijisi bolup hyzmat edýär.