Aýdyň ykbally ýaşlar (Kitap — genji-hazyna)
Ömrüň iň bir arzyly, ajaýyp ýyllary ýaşlykda jemlenen. Elbetde, ýaşlykda güýç, gaýrat, kuwwat, ösüş bar. Şonuň üçinem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesillere aýratyn uly üns berlip, olara giň ýol açylýar. «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip, uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiz ýaşlara döwletimiziň kuwwatly güýji, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegi, döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesi, baky dowamaty hökmünde garaýar. Şeýle ajaýyp garaýyşlar, pikir-düşünjeler, ýaşlara döredilip berilýän giň mümkinçilikler, olaryň gazanan beýik üstünliklerine buýsanç duýgulary bilen ýugrulan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininiň joşgunly akabasyndan ýazylan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby bütin halkymyza, esasan-da, biz — ýaşlara beren Şa serpaýydyr. Adam ömrüniň manysy hakynda pikir öwreniňde, juda köp zatlar hakydaňda janlanýar. Eýsem, ömrüň manysy nämelerden ybarat?! Bu sowala hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ilkinji sahypalarynda juda ýerlikli jogap berilýär: «Geçilen ýollar, külterlenen menziller, çekilen zähmetler, ýetilen sepgitler we olara sarp edilen yhlas hem-de wagt — ömrüň manysyny kesgitlemekdäki esasy ölçeg birlikl