Watanymyzyň asudalygy — döwletimiziň berkararlygy

8 Noýabr 2024
259

Ata Watanymyzyň asudalygynyň, döwletimiziň berkararlygynyň, jemgyýetimiziň abadanlygynyň üpjün edilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralara aýratyn orun degişlidir. 6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmegi munuň hakykatdan-da şeýledigini ýene bir ýola görkezdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de onuň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

«Nesil».