Häzirki wagtda oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, obasenagat toplumynda we sebitlerde möwsümleýin işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa 23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirmegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimleri sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.