Kä gijeler «hüw» diýip, düze çykmaly ýaly oýanyberýän. Öwrülibem ukym tutanok. Ýene soraglar alýar daşymy. Ýaşaýşyň manysy hakda agyr-agyr oýlara berilýän. Ertirki, birigünki günlerimi göresim gelýär. Aýnalar meni däl-de, ýekeje gezegem bolsa, şolary görkezýän bolsa käşgä. Belki, şonda düýş baryny görüp, süýji-süýji ukulara giderdim. Gündizi gündiz, gijäni gije şekilli ýaşardym. Hiç zat üçin köteklemezdim özümi, dünýäme birahatlygy goýup giden käbir adamlar üçinem gynanmazdym. Hakykata ynanyp açardym gözlerimem. Ýalanlaryň ýalnyna owuçlap-owuçlap suw seperdim. Beýdip içime-de salmazdym olary. Gürlär-gürlär, howada gaýdyrar goýbererdim.
Aýtsana, men nämeden şeýle, dünýä? Meni nämeden gam-gussa özüni iýdirip barýan adam edip ýaradypsyň? Ýa ömür diýilýän zat sende şeýle ownukmydy? «Sesiňi çykarma-da ýaşabersene, ynha, bir gün senem ötüp gidersiň-dä üstümden» diýýäňmi ýa? Beý diýmesene, dünýä! Bereýin, ýalkaýyn diýseň, goýnuňa genjiňem syganog-a?! Sesimi eşideýin diýseň, tümlerde birem çirim edemog-a?! Hany seniň görgür gözüň? Hany eşitgir gulagyň? Bu ikisi bilmese-de, ýüregiň bir syzmal-a? Dymmasana, dünýä!