Ýylyň şygary belent üstünliklerimizi şöhlelendirmelidir

18 Noýabr 2024
242

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi hem-de Mejlisiň Başlygyna deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze — 2025-nji ýyla at bermek we nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy noýabrda milli parlamentiň binasynda 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça maslahat geçirildi.

Maslahata Mejlisiň Başlygy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, deputatlar, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Onda halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek bilen bagly tekliplerini öwrenmek, ýerlerde bu babatda maslahatlary, duşuşyklary geçirmek bilen bagly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Nesil».