Atam — görnükli şahyr Italmaz Hudaýberdiýew şygryýetiň ýeňil bolmadyk ýoluna gadam goýanymda, begenjinden gözlerine ýaş aýlap: «Abraý bilen alyp çyk, gyzym! Siz — juda bagtly ýaşlar! Wasp etmäge ajaýyp döwrümiz bar. Şahyra bolsa şundan uly bagt gerek däldir» diýipdi. Her gezek ele galam alanymda, atamyň şu sözlerini serimde aýladym.