"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň yk­rar­na­ma­sy

«Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de öz­gert­me­le­riň we ösüş­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­ni­şil­me­gi, ga­ra­ýyş­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy, hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li nus­ga­la­ry­nyň taý­ýar­lan­ma­gy ba­bat­da tä­ze müm­kin­çi­lik­le­re uly iter­gi ber­ýär» di­ýip hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­ýar. Ýa­kyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­dan ge­lip gow­şan hoş ha­bar ýur­du­my­zyň şol müm­kin­çi­lik­le­ri umu­ma­dam­zat bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­dir­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň gü­wä­si bo­lup da­ba­ra­lan­dy. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da eziz Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha beý­gel­ýän­di­gi­ni, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyş­ma­ga esas­lan­ýan dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy üçin nus­ga­lyk baş­lan­gyç­la­ryň öňe sü­rül­ýän­di­gi­ni we şol baş­lan­gyç­la­ryň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­py

Okuw-mas­la­hat ge­çi­ril­di

We­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­lik­le­ri­niň hü­när­men­le­ri­niň, sport mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, spor­tuň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça baş tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ryň gat­naş­mak­la­ryn­da on­laýn gör­nü­şin­de okuw-mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ki­çi mej­lis­ler za­lyn­da gu­ra­lan okuw-mas­la­ha­ty ko­mi­te­tiň Sport mek­dep­le­ri­niň işi­ni we sport çä­re­le­ri­ni gu­ra­mak bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Juma Ju­ma­ýew alyp bar­dy. Okuw-mas­la­hat­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň spor­tuň me­di­ki-bio­lo­gi­ki üp­jün­çi­lik ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­lym­la­ry Gül­ja­han Ýal­ka­po­wa hem-de Oraz­ja­han Gel­di­my­ra­do­wa çy­kyş et­di. Tür­gen­le­riň dür­li de­re­je­li ýa­ryş­la­ra taý­ýar­lyk gör­ýän döw­rün­de dog­ry iý­mit­len­me­giniň äh­mi­ýe­ti, olary sport ýa­ryş­la­ry­na taý­ýar­la­ma­gyň usul­la­ry ba­ra­da de­giş­li mas­la­hat­lar be­ril­di.

Our prosperous and blossoming Motherland

The National Forestry Programme of Turkmenistan, launched by the National Leader of the Turkmen people, our Hero-Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedov, is being successfully implemented in the country under the leadership of the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov. Within the Programme, millions of trees are planted every year to turn our beloved Motherland into a blossoming garden. This work increases the forest areas in the country. According to the Decree of the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov, the nationwide tree-planting campaign was launched in the country on March 16. On that day, following the noble tradition, various species of trees were planted in the cities of Ashgabat and Arkadag and in the regions of our country. The participants beautified the forest areas. The President of Turkmenistan and our Hero-Arkadag took part in the events and launched the nationwide tree-planting campaign that day.

В мире спорта

Сайнс одержал победу на Гран-при Австралии Испанский пилот команды «Феррари» Карлос Сайнс одержал победу

Welaýatlardan habarlar

Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ho­jam­baz et­ra­by­nyň 1-nji sport mek­de­bin­de 2007-2008-nji ýyl­lar­da dog­lan og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da wo­leý­bol bo­ýun­ça ýa­ryş ge­çi­ril­di. Çe­ke­le­şik­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan ýa­ryş­da Şi­rin Ro­zy­ýe­wa, Döw­let Ro­zy­ýew, Gül­şat Ýol­da­şo­wa ýa­ly tür­gen­ler has-da us­sat­lyk gör­ke­zdi­ler. Ýa­ryş­da has ta­pa­wut­la­nan tür­gen­le­re Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ho­jam­baz et­rap ge­ňe­şi­niň ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry we Hormat hat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Bedew - ýigidiň ýoldaşy ýa-da atlaryň taryhyna ser salsaň...

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Dünýäniň çar künjünde bedewiň gadyr-gymmatyny bilýän atşynaslaryň myradyna öwrülen ahalteke atymyz, hakykatdanam, aýamaga, apalamaga mynasyp.

Söhbetdeşlik geçirildi

Köňülleriň çyragy sen, Pyragy TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat kitaphanasynyň, “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Köňülleriň çyragy sen, Pyragy” ady bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi.

At türkmen üçin ähli zatdyr

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hal­ky­my­zyň be­de­we bo­lan ide­gi, oňa ga­raý­şy has aňyr­dan gel­ýär. Olar be­de­wi­ne aý­ra­tyn göz bi­len se­re­dip, onuň ýe­tiş­di­ri­li­şin­e örän se­re­sap­ly çe­me­le­şip­dir­ler. Ahal­te­ke be­de­wi öň­ki dö­wür­ler­de her bir türk­men öýün­de bo­lup­dyr. Haý­sy öýe bar­saň te­lä­riň as­tyn­da süň­ňü­ne ýag çal­nan ýa­ly ýal­pyl­dap du­ran türk­men aty­na gö­züň dü­şüp­dir. Ola­ra maş­ga­la­nyň bir ag­za­sy hök­mün­de ga­rap­dyr­lar. Ata-ba­ba­la­ry­myz be­dew­le­ri hiç wagt ýa­dat­man­dyr­lar, ola­ra gam­çy çal­man­dyr­lar. Gam­çy­ny olar di­ňe be­zeg hök­mün­de ula­nyp­dyr­lar. Se­bä­bi ahal­te­ke be­dew­le­ri öz­le­ri­niň düş­bü­li­gi, syz­gyr­ly­gy, akyl­ly­ly­gy bi­len eýe­si­ne gam­çy çal­mak ze­rur­ly­gy­ny hem dö­ret­män­dir­ler. Bu­la­ry hal­ky­my­zyň şu aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na, be­dew­le­ri­ne bo­lan ga­ra­ýyş­la­ry­na haý­ran ga­lan sy­ýa­hat­çy­lar bel­läp geç­ýär­ler. Yn­ha, şo­nuň üçin hem, öz mil­li baý­ly­gy­nyň gym­ma­ty­na aň­ry­ýa­ny bi­len dü­şün­ýän hal­ky­myz bu gün be­de­wi­niň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä iç­re be­lent de­re­je­le­re gö­ter­ýär.

Şu gün — Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 3 ýyl!

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biz ata-babalarymyzyň howandarlyga mätäçlere goldaw bermek bilen bagly asylly däplerinden ugur alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretdik.

Änew — baý taryhyň mirasdüşeri

«Gowy zatlaryň gürrüňini etmek hemmelerde gowy täsirleri galdyrýar. Gözel pikirler gözel düşünjeleri oýarýar. Ajaýyp söhbetleri köp diňledigiňçe, diňe ajaýyplyklar bilen gurşalýarsyň. Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň». Bu sözler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynda halkymyza serpaý eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan dürdäneler. Hormatly Prezidentimiziň gowy zatlar hakdaky gözel pikirleri, ajaýyp söhbetleri ýerleşdirilen kitabyň ilkinji sahypalaryna aralaşan okyjynyň köňül köşgi bahar gülzarlygyna çalymdaş görkanalyga beslenýär. Sebäbi ol sahypalaryň bezegi — taryh hakyndaky, durmuş hakyndaky, geçmiş we geljek baradaky... parasat dürleri. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby — üstünde beýik-beýik ynsanlar ýaşan, döreden, guran gadymy Änew topragyna edebi, taryhy zyýarat. Bu kitap hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Ahal topragyna aýlanmagyndan galan täsirleriň netijesinde edilen uzak-uzak gözlegleriň miwesi. Ussatlaryň dünýäsine, gadymyýetiň gursagyna syýahatyň täsiriniň uly bolandygyna «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» ýaly bölümleriň sözbaşylarynyň owazlylygyndan hem göz ýetirmek bolýar. Ol täsir turuwbaşdan okyjynyň kalbyna-da aralaşýar. Şeýdip, okyjy «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýä

Metjit — münewwer çyrag

Nurly Remezan aýynda — şu ýylyň 27-nji martynda Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň açylyşyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi. 6 gektara barabar umumy meýdany bolan metjitde bir wagtyň özünde 500 adam namaz okap bilýär. 50 metr belentlikli, dört minaraly metjidiň gümmeziniň beýikligi 30 metre deňdir. Uly gümmeziň gyrasyny 24 penjire nyzamlaýar. 500 orunlyk sadaka jaýy hem özbaşyna bir binagärlik görnüşini emele getirýär. Metjidiň we sadaka jaýynyň bezeg nagyşlary Seýit Jemaleddin metjidiniň şekilleri bilen reňkdeşdir. Metjidiň diwarlaryna Oguz hanyň nyşany bolan sekizburçly nagyşlar görk berýär. Bu nagyşlar düşelen halylaryň hem ýüzünde özüni görkezýär. Nagyşlaryň bugdaý şekilliligi Änew topragynyň dünýäde ekerançylyk merkezi bolandygyny aňladýar. Gahryman Arkadagymyz taryhy şahsyýetlerimizi belent sarpalaýar. Şeýle hormat-sylagdan ugur alyp, Milli Liderimiz täze metjidi «Seýit Jemaleddin metjidi» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Muny bolsa hormatly ýaşulular goldadylar we makulladylar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän täze metjidiň açylyşy bagtyýar halkymyzyň ruhy kämilliginiň, däp-dessur ýörelgesiniň aýdyň aňladylmasydyr.

Arkadagyň sahawat daragty

«Howandarlyk» sözüniň özünde nähilidir bir ýakym, yssylyk bar. Şonuň üçinem howandarlyk bilen baglanyşykly gürrüň edilmegi-de adamyň kalbyna ýylylyk aralaşdyrýar. Hut şonuň üçin-de howandarlyk, ýagşylyk, haýyr-yhsan bilen baglanyşykly pederlerimizden miras galan däp-kadalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda hem öz beýanyny tapýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bolsa ata-babalarymyzdan gelýän sahawatlylyk ýoluny täze röwüşde rowaçlandyrdy. Ynsanyň iň uly baýlygy — saglygy. Saglygyň ýok ýerinde ynsanyň gözüne hiç bir baýlyk hem görünmeýär. Saglygyň ýaşaýşyň ilkinji günlerinde — çagalykda elden giderilmegi ynsan üçin iň agyr ýagdaý. Bu ýagdaý çaganyň ene-atasy üçin has-da agyr. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredileli bäri ýaşajyk ynsanlaryň, olaryň hossarlarynyň durmuşynda ýagtylyk döretmek bilen baglanyşykly amala aşyran sogaply işleri barada her gezek eşideniňde, kalbyň alkyşly duýgulara beslenýär.

Täzelikler

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda 2023-nji ýylyň tebigat ýyl ýazgysynyň jemi jemlenildi. Goraghananyň çäginde guşlaryň 265 görnüşi, ösümlikleriň 227 görnüşi, sugunlaryň 130-a golaýy hasaba alyndy. Degişli hünärmenler tarapyndan goraghananyň çäginde haýwanlaryň sanyny we görnüşini anyklamak, ösümlikler barada maglumatlary toplamak hem-de bolup geçýän tebigy hadysalary öwrenmek boýunça ylmy-gözegçilik işleri yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ýerde häzirki günlerde zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmek, tokaýlary ýangyndan goramak boýunça işler maksatnama laýyklykda geçirilýär. Bulardan başga-da öňki ýyllarda çöl zolaklarynda ekilen ösümlikleriň ösüşi, çöl ösümlikleriniň tohumlarynyň gögerijiligini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenilýär we iş ýüzünde ornaşdyrylýar. Şeýle tagallalar işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri

27-nji martda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, bagşy-sazandalaryň we skripkaçylaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmeklige bagyşlanan çäreler

27-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi. Foruma halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, bagşy-sazandalaryň we skripkaçylaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Hoş habaryň hoşnut ýakymy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üstümizdäki aýyň 23-inde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. «Hoş habaryň ganaty bar» diýleni. Ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilýän günlerinde gelip gowşan bu hoş habar türkmenistanlylaryň her biriniň toý şatlygyny goşalandyryp, pasly-baharyň hoştap howasy kimin köňüllere mylaýymlyk çaýdy. Bilşimiz ýaly, il-ulus bolup «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzy garşylaýan pursatlarymyzda döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby halkymyza gowşupdy. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap bolsa hormatly Prezidentimiziň ikinji eseridir. Adyndan belli bolşy ýaly, täze kitapda geçmişde at-owazasy äleme dolan gadymy Änew şäheri, onuň dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösmegine goşan saldamly goşandy dogrusynda taryhy maglumatlar getirilýär.

Hyzmatyndan il hoşal

Ýadyňyzda bolsa, 2022-nji ýylyň sentýabrynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak pata bermegi bilen Türkmenabat şäherinde häzirkizaman ýolagçy awtomenzili ilata hyzmat edip başlapdy. Bu möhüm desgany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy 2009-njy ýylda döredilen «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary gurupdylar. Täze ýolagçy awtomenziliniň ulanmaga berilmegi Gündogar sebitde hem döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilýändiginiň buýsançly nyşany boldy. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenabadyň döwrebap awtomenzili şondan bäri has netijeli ulanylýar. Häzirki wagtda awtomenzilden şäher içine, şeýle hem şäherýaka ugurlaryň 64-sine, şäherara ugurlaryň 25-sine häzirkizaman ulaglary ýolagçylary gatnadýar. Bu ýerde durmuşyň ösüşine we talap-islegleriň artyşyna laýyklykda ýene-de täze ulag ugurlary işlenilip taýýarlanylýar hem-de döredilýär.

Hojailiniň bagtdan paýly ili bar

Oba ýerine gelseň, üýtgeşik bir dünýä gelen ýaly bolýarsyň. Howasynyň tämizligini diýjekmi, adamlarynyň ýeňil gopup, ilgeziklik bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşyşlaryny diýjekmi?! Oba ilatynyň gyşyn-ýazyn, gije-gündize parh goýman, zähmet çekişlerini görüp, özüňem birtopar işleriň hyýalyna çümeniňi duýman galarsyň. Olaryň ekerançylyk ýerleriniň idegini ýetirişlerini, täze hasylyň düýbüni tutmak işleri bilen gümra bolup ýörüşlerini synlap, tizden bu ýerleriň behişdi miweleri bilen, bugdaýy, pagtasy, şalysy bilen göwünleri dokundyrjakdygyny göz öňüňe getirýärsiň. Şäheriň alkymynda ýerleşýän Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň obalarynyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen gyzyklanyp çykan saparymyzyň dowamynda hem şeýle oý-pikirleri başdan geçirip barşyňa, bahar gülleri ýaly ünsüňi özüne çekýän ýakymly pursatlardan höwes bilen ganýarsyň, olar seniň ruhy dünýäňi heýjana getirýär. Oba ýaşaýjylarynyň zähmetsöýer keşpleri bolsa ilki bilen nazaryňa ilýär. Daýanykly daýhanlar bilen elleşip görşeniňden, olaryň idegini ýetirýän ekinleriniň hasyllaryna bolan ynanjynyň berkdigine gözüň ýetýär. Kärende ýeri bolsun, öz mellek ýeri bolsun, Hojailiniň daýhanlary yhlas bilen ene ýere hyzmat edýärler. Şol ýerinden bol hasylam alýarlar. Aýlanyp ýörşümize, şeýle adamlaryň köpüsine gabatlaşdyk, olar bilen söhbetdeş bolduk. Şolaryň birine Serdar Reýimow diýýärler. Begaryk obasynyň ýaşaýjysy, şu geňeşl

Ösüş arkaly abadan ýaşaýşa

Gadymy halkymyz owal-başdan abadan we asuda ýaşaýşy üpjün etmek ýoluna eýeripdir. Şonuň netijesinde türkmenler taryhda gurujy, dörediji halk hökmünde öçmejek yz goýupdyrlar. Şu röwşen ýol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýär hem-de täze, has çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň şeýledigine geçen sanlyja ýyllarda gazanylan okgunly ösüşler, düýpli özgerişlikler aýdyň mysallar bolup biler. Olar barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda giňden durup geçdi. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bitirilen işler, gazanylan üstünlikler buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Olar «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen dünýä nusgalyk ýörelgeleriň barha rowaçlanýandygynyň ynandyryjylykly subutnamalarydyr. Ata Watanymyzy durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Taryhy mejlisde Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tassyklamagy bilen kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamanyň»

Nurana ýollaryň şamçyragy

Hormatly Prezidentimiz ýaşlara ata Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garamak bilen, olaryň geljegine uly ynam bildirýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi, bilim derejesini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap özgertmeleriň we innowasion ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly hem-de okgunly öňe barýan ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlar hakdaky alada nurana geljegiň aladasy hökmünde çemeleşilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatly işlerini ýokary derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmekleri barada edýän hossarlyk aladalary ajaýyp miwesini berýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň bagtyýar ýaşlarymyz üçin edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr.