Metjit — münewwer çyrag

28 Mart 2024
385

Nurly Remezan aýynda — şu ýylyň 27-nji martynda Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň açylyşyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi. 6 gektara barabar umumy meýdany bolan metjitde bir wagtyň özünde 500 adam namaz okap bilýär. 50 metr belentlikli, dört minaraly metjidiň gümmeziniň beýikligi 30 metre deňdir. Uly gümmeziň gyrasyny 24 penjire nyzamlaýar. 500 orunlyk sadaka jaýy hem özbaşyna bir binagärlik görnüşini emele getirýär. Metjidiň we sadaka jaýynyň bezeg nagyşlary Seýit Jemaleddin metjidiniň şekilleri bilen reňkdeşdir. Metjidiň diwarlaryna Oguz hanyň nyşany bolan sekizburçly nagyşlar görk berýär. Bu nagyşlar düşelen halylaryň hem ýüzünde özüni görkezýär. Nagyşlaryň bugdaý şekilliligi Änew topragynyň dünýäde ekerançylyk merkezi bolandygyny aňladýar.

Gahryman Arkadagymyz taryhy şahsyýetlerimizi belent sarpalaýar. Şeýle hormat-sylagdan ugur alyp, Milli Liderimiz täze metjidi «Seýit Jemaleddin metjidi» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Muny bolsa hormatly ýaşulular goldadylar we makulladylar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän täze metjidiň açylyşy bagtyýar halkymyzyň ruhy kämilliginiň, däp-dessur ýörelgesiniň aýdyň aňladylmasydyr.

Ýörite habarçymyz.