Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirlikleriniň hünärmenleriniň, sport mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, sportuň görnüşleri boýunça baş tälimçi-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda onlaýn görnüşinde okuw-maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň kiçi mejlisler zalynda guralan okuw-maslahaty komitetiň Sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy Juma Jumaýew alyp bardy.
Okuw-maslahatda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologiki üpjünçilik kafedrasynyň uly mugallymlary Güljahan Ýalkapowa hem-de Orazjahan Geldimyradowa çykyş etdi. Türgenleriň dürli derejeli ýaryşlara taýýarlyk görýän döwründe dogry iýmitlenmeginiň ähmiýeti, olary sport ýaryşlaryna taýýarlamagyň usullary barada degişli maslahatlar berildi.