Hojailiniň bagtdan paýly ili bar

27 Mart 2024
437

Oba ýerine gelseň, üýtgeşik bir dünýä gelen ýaly bolýarsyň. Howasynyň tämizligini diýjekmi, adamlarynyň ýeňil gopup, ilgeziklik bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşyşlaryny diýjekmi?! Oba ilatynyň gyşyn-ýazyn, gije-gündize parh goýman, zähmet çekişlerini görüp, özüňem birtopar işleriň hyýalyna çümeniňi duýman galarsyň. Olaryň ekerançylyk ýerleriniň idegini ýetirişlerini, täze hasylyň düýbüni tutmak işleri bilen gümra bolup ýörüşlerini synlap, tizden bu ýerleriň behişdi miweleri bilen, bugdaýy, pagtasy, şalysy bilen göwünleri dokundyrjakdygyny göz öňüňe getirýärsiň.

Şäheriň alkymynda ýerleşýän Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň obalarynyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen gyzyklanyp çykan saparymyzyň dowamynda hem şeýle oý-pikirleri başdan geçirip barşyňa, bahar gülleri ýaly ünsüňi özüne çekýän ýakymly pursatlardan höwes bilen ganýarsyň, olar seniň ruhy dünýäňi heýjana getirýär. Oba ýaşaýjylarynyň zähmetsöýer keşpleri bolsa ilki bilen nazaryňa ilýär. Daýanykly daýhanlar bilen elleşip görşeniňden, olaryň idegini ýetirýän ekinleriniň hasyllaryna bolan ynanjynyň berkdigine gözüň ýetýär. Kärende ýeri bolsun, öz mellek ýeri bolsun, Hojailiniň daýhanlary yhlas bilen ene ýere hyzmat edýärler. Şol ýerinden bol hasylam alýarlar. Aýlanyp ýörşümize, şeýle adamlaryň köpüsine gabatlaşdyk, olar bilen söhbetdeş bolduk. Şolaryň birine Serdar Reýimow diýýärler. Begaryk obasynyň ýaşaýjysy, şu geňeşligiň çägindäki «Watan» daýhan birleşiginde kärendeçilik edýän Serdar kyrk bäş ýaşynda. Ogly Watan gullugynda. Gyzy özbaşdak maşgala bolup ýaşaýar. Howlusynda täzeje daşary ýurt awtoulagy. Gurply we bagtly durmuşda ýaşaýarlar. Daýhan birleşiginde 7 gektar kärende ýerinde gowaçadan, bugdaýdan bol hasyl alýar. Geçen ýylda bugdaý eken ýeriniň her gektaryndan 54 sentner hasyl alypdyr.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist. Surata düşüren Merdan ORAZOW.