Hyzmatyndan il hoşal

27 Mart 2024
420

Ýadyňyzda bolsa, 2022-nji ýylyň sentýabrynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak pata bermegi bilen Türkmenabat şäherinde häzirkizaman ýolagçy awtomenzili ilata hyzmat edip başlapdy. Bu möhüm desgany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy 2009-njy ýylda döredilen «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary gurupdylar.

Täze ýolagçy awtomenziliniň ulanmaga berilmegi Gündogar sebitde hem döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilýändiginiň buýsançly nyşany boldy. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenabadyň döwrebap awtomenzili şondan bäri has netijeli ulanylýar. Häzirki wagtda awtomenzilden şäher içine, şeýle hem şäherýaka ugurlaryň 64-sine, şäherara ugurlaryň 25-sine häzirkizaman ulaglary ýolagçylary gatnadýar. Bu ýerde durmuşyň ösüşine we talap-islegleriň artyşyna laýyklykda ýene-de täze ulag ugurlary işlenilip taýýarlanylýar hem-de döredilýär.

Ilmyrat DÖWLETOW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.