Hoş habaryň hoşnut ýakymy

27 Mart 2024
394

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üstümizdäki aýyň 23-inde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. «Hoş habaryň ganaty bar» diýleni. Ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilýän günlerinde gelip gowşan bu hoş habar türkmenistanlylaryň her biriniň toý şatlygyny goşalandyryp, pasly-baharyň hoştap howasy kimin köňüllere mylaýymlyk çaýdy.

Bilşimiz ýaly, il-ulus bolup «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzy garşylaýan pursatlarymyzda döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby halkymyza gowşupdy. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap bolsa hormatly Prezidentimiziň ikinji eseridir. Adyndan belli bolşy ýaly, täze kitapda geçmişde at-owazasy äleme dolan gadymy Änew şäheri, onuň dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösmegine goşan saldamly goşandy dogrusynda taryhy maglumatlar getirilýär.

Türkmen gündogary.