Täzelikler

28 Mart 2024
314

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda 2023-nji ýylyň tebigat ýyl ýazgysynyň jemi jemlenildi. Goraghananyň çäginde guşlaryň 265 görnüşi, ösümlikleriň 227 görnüşi, sugunlaryň 130-a golaýy hasaba alyndy.

Degişli hünärmenler tarapyndan goraghananyň çäginde haýwanlaryň sanyny we görnüşini anyklamak, ösümlikler barada maglumatlary toplamak hem-de bolup geçýän tebigy hadysalary öwrenmek boýunça ylmy-gözegçilik işleri yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ýerde häzirki günlerde zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmek, tokaýlary ýangyndan goramak boýunça işler maksatnama laýyklykda geçirilýär. Bulardan başga-da öňki ýyllarda çöl zolaklarynda ekilen ösümlikleriň ösüşi, çöl ösümlikleriniň tohumlarynyň gögerijiligini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenilýär we iş ýüzünde ornaşdyrylýar. Şeýle tagallalar işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.