Arkadagyň sahawat daragty

28 Mart 2024
466

«Howandarlyk» sözüniň özünde nähilidir bir ýakym, yssylyk bar. Şonuň üçinem howandarlyk bilen baglanyşykly gürrüň edilmegi-de adamyň kalbyna ýylylyk aralaşdyrýar. Hut şonuň üçin-de howandarlyk, ýagşylyk, haýyr-yhsan bilen baglanyşykly pederlerimizden miras galan däp-kadalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda hem öz beýanyny tapýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bolsa ata-babalarymyzdan gelýän sahawatlylyk ýoluny täze röwüşde rowaçlandyrdy.

Ynsanyň iň uly baýlygy — saglygy. Saglygyň ýok ýerinde ynsanyň gözüne hiç bir baýlyk hem görünmeýär. Saglygyň ýaşaýşyň ilkinji günlerinde — çagalykda elden giderilmegi ynsan üçin iň agyr ýagdaý. Bu ýagdaý çaganyň ene-atasy üçin has-da agyr. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredileli bäri ýaşajyk ynsanlaryň, olaryň hossarlarynyň durmuşynda ýagtylyk döretmek bilen baglanyşykly amala aşyran sogaply işleri barada her gezek eşideniňde, kalbyň alkyşly duýgulara beslenýär.

Agamyrat SOLTANOW.