"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Golaýda Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň guramagynda Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda geçirilýän tapgyrlaýyn çäreler» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň garamagyndaky ähli bejeriş-öňüni alyş edaralarynda zähmet çekýän lukmanlar, hünärmenler hem-de Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry) Hormatly jenap Federal Kansler!Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!Hanymlar we jenaplar!Wekiliýetleriň agzalary!

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Belent mertebeli Gahryman Arkadagymyz! Siziň beýik başlangyçlaryňyzdan binýady goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän belent sepgitlerden ruhlanyp, bu gün Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar, guwandyryjy ýeňişler gazanylýar, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar barha rowaçlanýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralary Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň arasynda hem uly şatlyk-şowhuna beslenýär. 1-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň açylmagy hem munuň aýdyň güwäsi bolup, ol türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka öwrüldi.

Baş binagärimiziň beýik eseri

15-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we şäheriň häkimi G.Mämmedowa bu ýerde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň söwda merkeziniň, özboluşly bezeg aýratynlyklary bolan myhmanhananyň, döwrebap dynç alyş seýilgähiniň, ähli amatlyklary özünde jemleýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, şypahananyň, maglumat tehnologiýalary boýunça umumybilim berýän merkeziň, işewürlik merkeziniň, Oba hojalyk uniwersitetiniň şekil taslamalary bar. Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk seýilgähiniň şekil taslamasy, seýilgähiň, şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän dürli baglaryň, gülleriň, seýilgähde goýulmagy meýilleşdi

Täze neşir: Arkadag şäheriniň tarypnamasy

Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ýeten belent derejelerini, gazanan üstünliklerini beýan edýän täze kitapça çapdan çykdy. Bu kitapça ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen maýa goýum forumyna gatnaşyjylara gollanma hökmünde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi. Okyjylar köpçüligine ýetirilen bu kitapçada ýurdumyzyň iň bir owadan künjeginde gojaman Köpetdagy etekläp oturan, sebitde ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp Arkadag şäheriniň waspy giňden beýan edilýär. Giriş bilen başlanyp, «Akylly» şäher: birinji tapgyrdaky döwletli tutumlar», «Bagtyýar ýaşaýşyň şäheri», «Akylly» durmuş infrastrukturasy», «Ýaşyl» şäher ekoulgamy», «Haýyr-sahawat gaznasy — ynsanperwerligiň nusgasy», «Arkadag şäheri halkara hyzmatdaşlygyň ilerleýän mekany», «Ikinji tapgyr: gurluşyklar dowam edýär», «Lukmançylyk klasteri — «akylly» şäheriň innowasion mümkinçilikleriniň nusgasy» hem-de «Bagtyň waspy» atly baplardan ybarat bu täze kitapça ajaýyp şäheriň iň gözel ýerleriniň suratlary bilen bezelipdir.

Adamzat ömrüniň manysy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan: — Geçilen ýollar, külterlenen menziller, çekilen zähmetler, ýetilen sepgitler we olara sarp edilen yhlas hem-de wagt — ömrüň manysyny kesgitlemekdäki esasy ölçeg birlikleri.

Arkadagym, Arkadagly Serdarym!

Türkmenim eşreti Sizden görendir,Erkana gezendir, daňlar örendir.Hak Hudaýdan berlen ömür önendir,Arkadagym, Arkadagly Serdarym! Her kim bir ýerlerden ýalkanmalydyr,Günleri bezenip galkynmalydyr.Döwletin, döwranyn ol almalydyr,Arkadagym, Arkadagly Serdarym!

Ýollarymyz — ýürekleriň ýylysy

Döwrüň derwaýys desgalary Ilimizde gadymdan bäri ýörgünli bolan «Toý bir bolup dursun!» diýen senaly sözlerde nije many bar. Toýlar! Taryhy toýlar! Tutumly toýlar! «Gurýan döwlet gurpludyr» diýilýär. Elbetde, gurmak — gurpdan. Edil şonuň ýaly, toýlar hem tutumlylykdan, gurp-gurbatdan nyşan. Toýlaryň toýa ulaşyp, Garaşsyzlyk baýramymyzyň golaýlap gelýän günlerinde yzly-yzyna iri-iri çäreleriň çawy diňe bir ýurdumyzda däl-de, Watanymyzyň giňişliginden dostlukly döwletlere çenli dag aşdy. Türkmenistanyň maýa goýum forumy ählumumy ähmiýetliligi bilen taryhy waka boldy.

Döwletiň berkararlygy, jemgyýetiň jebisligi

Ýurdumyzda milli demokratik ýörelgämiziň dabaralanmagy jemgyýetiň kämil ösüşiniň binýadyny emele getirdi. Eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz baradaky taýsyz tagallalary we irginsiz zähmetleri netijesinde adalatlylyk, ynsanperwerlik, döwletlilik, milli gymmatlyklara sarpa goýmak ýaly ýörelgelerimiz dowamat-dowam bolýar. Şöhratly taryhymyzda beýik işleri bitiren ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakdaky örän baý tejribesi esasynda, halkyň pikirine sarpa goýmak ýaly asylly däpleriniň şu günlerimize çenli gelip ýetmegi, döwletlilik ýörelgämizden habar berýär. Halkyň bähbidi, parahat durmuşda ýaşamagy ýaly ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr. Halk Maslahatynyň esasy maksady her bir raýatyň hukuklaryna aýratyn hormat goýmak bilen, jemgyýetde halkyň tekliplerini diňläp, ýurdumyza we halkymyza bähbitli boljak işleri bilelikde durmuşa geçirmekden ybaratdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halk Maslahatynyň jemgyýetiň we döwletiň ösüşine aýratyn täsiri bardyr. Çünki beýik akyldaryň özbaşdak, Garaşsyz ýurtda ýaşamak arzuwy bu gün ähli türkmen halkyna miýesser etdi we Pyragynyň eserlerindäki watansöýüjilik, ynsanperwerlik, maşgala gymmatlygyna sarpa goýmak ýaly düşünjeleri öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Ha

Garaşsyzlyk — geçmişimiz, şu günümiz, geljegimiz

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iňňän öňdengörüjilikli, parasatly, ynsanperwer işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde uly zähmet üstünlikleri, belent abraý-mertebe bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna barýarys. Gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen gurlan we gurulýan Arkadag şäheriniň mysalynda has aýdyň görünýär. Geçen 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda sebitde deňi-taýy bolmadyk bu «akylly» şäheriň birinji tapgyry dabaraly ýagdaýda açylanda döwrüň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan dürli maksatly desgalaryň 336-synyň, şol sanda 2, 5, 7, 9 gatly häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň 258-siniň hem-de beýleki hyzmat ediş edaralarynyň gurlup ulanmaga berilmegi halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin uly tagallalaryň edilýändigini görkezýär. Arkadag şäherinde bina edilen ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat edaralaryna halkymyzyň bagtyýar durmuşa eýe bolmagyna mynasyp goşant goşan, halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy hem uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Dogan gelýär dogan didaryn küýsäp

Dünýä türkmenleri ata Watanymyzyň köpugurly ösüşlerine bolan ýürek buýsançlaryny ýaşaýan ýerlerindäki beýleki halklaryň wekilleri bilen paýlaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen topragynda amala aşyrylýan ägirt işleri, ýetilýän belent sepgitleri giňden wagyz etmek işine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi abraýly halkara jemgyýetçilik guramasy bolup, 1991-nji ýylyň 18-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň I maslahatynyň karary esasynda döredildi.

Netijeli işler, belent sepgit

16-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk önümleriniň sergisi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalygynda gazanylýan ylmy esasly ösüşleriň, obasenagat toplumynda, şol sanda tohumçylyk işinde halkara hyzmatdaşlygyň netijeli alnyp barylýandygynyň nyşany boldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri bilen bir hatarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Onuň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaşlaryň şäheri — watansöýüjiligiň dabaralanmasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Arkadag şäheriniň «ýaşlaryň şäheri» diýen derejesinden ugur alyp, täze şäheriň ýaşlary watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk ruhunda terbiýelenilmelidir, ösüp gelýän ýaş nesilleriň şähere bolan söýgüsini pugtalandyrmak, olaryň edep-terbiýeli bolmagyny gazanmak ugrunda bilelikdäki tagallalar ýola goýulmalydyr. Geçen ýekşenbe güni Gahryman Arkadagymyz «akylly» şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyranda, ýaşlaryň şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherinde türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň ýaş nesliň aňyna berk ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady we bu işde bilim işgärleri bilen bir hatarda ýaşulularyň hem bilelikdäki wagyz-nesihat işlerini yzygiderli guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Baş baýramyň şanyna

Geçen şenbe güni Arkadag şäheriniň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabarany Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi bilelikde guradylar. Şanly baýramçylygymyza bagyşlanyp geçirilen dabarada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet we sungat işgärlerine işlemäge, döretmäge, milli medeniýetimizi has-da ösdürmäge döredip beren giň mümkinçiliklerine sagbolsun aýtdylar.

Buýsanjymyz, bagtymyz

Düýn Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda «Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Golaýlap gelýän baş baýramymyza bagyşlanan bu dabarany Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilelikde guradylar. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, ösüşleri sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem baş baýramymyza görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar.

Ak pagtam, dünýä nuruň saç!

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan: — Biziň şu günki döwletliligimiziň düýp binýady hem ýurt edinip oturan mukaddes topragymyzdyr, bu toprakdan önýän baýlyklarymyzdyr, bereketli hasyllarymyzdyr, galla, pagta, ýüpek ýaly gymmatlyklarymyzdyr, dürli gök we bakja önümlerimizdir, miwelerimizdir.

Döredijilik duşuşygy

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda bu ýerde işleýän hünärmenleriň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda watandaşlarymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna täze-täze zähmet üstünlikleri bilen barýandygy aýdyldy. Döredijilik duşuşygynda mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi hakda täsirli gürrüňler edildi.

Iki oýun, iki üstünlik

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň çäklerinde iki duşuşyk geçirdi. Anna gününde birinji oýun üçin meýdança çykan topar «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» bilen duşuşdy. 23-nji tapgyryň bu oýnunda Arkadaglylar üç jogapsyz gol bilen ýeňiş gazandy. Duşuşykda ilkinji gol birinji ýarymyň ahyrynda hasaba alyndy.

Ýaryşda ýeňiş

Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary geçirildi. Oýunlaryň açylyş dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy. Biziň ýurdumyzdan taryhda bäşinji gezek geçirilen oýunlara 29 türgen bilen wekilçilik etdi. Olaryň dördüsi bolsa dürli derejeli medallara eýe boldular. Has takygy, türkmen türgenleri oýunlardaky çykyşlaryny bir altyn, bir kümüş we iki sany bürünç medal bilen tamamladylar.

Tylla güýzüň örküji

Türkmen milli ýyldyz senenamasynyň ýedinji döwri bolan mizan tyllaýy reňkli güýz paslynyň tüýs örküjine gabat gelýär. Ýylyň 23-nji sentýabr — 22-nji oktýabr aralygyny öz içine alýan bu möwsüm daýhan üçinem, çarwa üçin-de möhüm döwürleriň biri. Aslynda-da, güýze beýleki pasyllara meňzemeýän özboluşlyklar mahsus. Tomsuň jöwzasy-ha mazaly sowlandyr, gyşyň sowugyna hem heniz biraz maý bardyr. Ine, şu häsiýeti bilen güýz her bir zähmet adamyna «hany, tomus yssy diýýädiň, ol-a sowuldy, gyşyň doňaklygyna hem entejik wagt bar, näme eliňden gelýän bolsa gaýgyrma, goluňy çerme-de giriş, dek oturma» diýýän ýalydyr. «Gije diýýäniň bir tutam, gysga, gündiz bolsa aňyrsyna ýetdirmeýän uzaklyk» diýjek gümanyň ýok, gije bilen gündiziň deňleşýän günlerem, ynha, şu möwsüm bilen baglanyşykly. Tüýs deňagramlylyk! Adyna kybap, mizan — terezi!