Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi – dil hazynasynyň göwheri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda ylym-bilim pudagy giň gerimde ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Muňa mysal hökmünde, orta asyr türkmen edebiýatynyň wekilleri bolan Mahmyt Kaşgarlynyň, Mäne babanyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Muhammet Gazalynyň, Mähri Hatynyň, Garajaoglanyň, Reşideddin Watwatyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň öwrenilişini beýan etmek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biziň dilimiziň örän gadymy kökleri bar. Gadymy kökler bolsa, hemişe geljek üçin mümkinçilikleri açýan ygtybarly esas bolup durýar” diýip parasatly belläp geçmeginden ugur alyp ýurdumyzda gadymy eserler alymlarymyza ene dilimiziň geçmiş taryhyny, onda ýüze çykan özboluşly aýratynlyklaryny içgin öwrenmekde, çeperçilik taýdan ýokary hilli eserler döretmekde egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä belli alym Mahmyt Kaşgarly türkmen dilini ylmy esasda öwrenmekde gymmatly miras goýan şahsyýetdir. Ol dünýä derejesinde ykrar edilen şahsyýetleriň biri bolmak bilen, ylym äleminde nur saçýan ýyldyz hasaplanýar. Biziň günlerimize onuň ýekeje kitaby, şol kitabyňam bary-ýogy ýekeje nusgasy gelip ýetipdir. Gözelligi, şirinligi bilen şöhratlanan dilçi alymyň “Diwany lugat at-türk” (“Türki dilleriň diwany”) atly meşhur eseri häzirki döwü