Milli arhiwler — gymmatly ýazuw çeşmeleri

5 Ýanwar 2024
886

Her bir döwletde halkyň milli ýazuw mirasynyň aýawly saklanmagyna uly ähmiýet berilýär. Çünki bu babatdaky arhiw resminamalary halkyň taryhyny beýan edýän milli ruhy baýlykdyr. Arhiw işi öz köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Geçmişde hem sowatly adamlar, akyldarlardyr alymlar halkyň durmuşyny, jemgyýetçilik we hojalyk gatnaşyklaryny, olaryň özara baglanyşygyny beýan edýän resminamalara aýawly çemeleşmegiň zerurdygyna düşünipdirler. Geçen nesilleriň bilimlerini, toplan tejribesini özünde jemleýän şol resminamalara uly ähmiýet beripdirler. Gündogaryň görnükli şahyry Alyşir Nowaýy: «Kim arhiwe kembaha garasa, ol taryha düşünmez, kim taryha düşünmese, ol geçene we geljege ýolbaşçylyk edip bilmez» diýip belleýär.

Türkmenistanyň arhiwleri we olaryň döreýiş taryhy hakynda gymmatly maglumatlar kän. Ýurdumyzyň arhiw gullugy gözbaşyny XIX asyryň 70-nji ýyllaryndan alyp gaýdýar. Şol ýyllarda ýerli ilaty dolandyrmak üçin döredilen Zakaspi harby bölümi, Zakaspi oblastynyň naçalniginiň kanselýariýasy ýaly harby-administratiw edaralarda, olaryň guramalarynda — uýezd naçalniklerinde, pristawlarda, okrug we harby kazyýetlerde, rus hem-de daşary ýurt banklarynda, söwda-senagat kärhanalarynda, Zakaspi demir ýolunyň edarasynda, statistik, okuw, şeýle-de beýleki edaralarda arhiw resminamalary toplanyp başlanýar...

Maýagözel ATAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň bölüm müdiri.