Syrly älemleriň şahyrana beýany

4 Ýanwar 2024
871

Hormatly Prezidentimiz: «Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip, söz ussady Magtymgulynyň umumadamzat ähmiýetli mirasyna belent baha berýär. Şol ruhy gymmatlykda durmuşyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, ynsan ählini asyrlarboýy pikirlendirip gelýän syrly älemler bolan «ýedi gat Ýer», «ýedi gat asman» diýen düşünjelere hem giň orun berilýär.

Alym G.Gurbanowyň belleýşi ýaly, beýik akyldaryň bu meselä içgin aralaşmak üçin dünýä ylmyndan söhbet açýan ylmy we edebi çeşmeleri, Gündogaryň beýik şahsyýetleri Hoja Ahmet Ýasawynyň «Hikmetlerini», Rabguzynyň «Kasasyl enbiýa», Wepaýynyň «Rownakyl yslam» kitaplaryny, Süleýman Bakyrganynyň şygyrlaryny okandygy bellidir. Bu ugurda atasy Döwletmämmet Azadynyň «Behiştnama», «Hekaýat», «Wagzy — Azat» eseri bolsa beýik akyldara has ygtybarly gollanma bolup hyzmat edipdir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW.