«Ýedi goýun, bir guzy»

4 Ýanwar 2024
1013

Içmek alty-ýedi goýnuň derisinden tikilýär. Onuň üçin ilki ösgün tüýli goýunlaryň derisi saýlanyp alynýar. Alnan deri dört-bäş sagatlap duzda ýatyrylyp, soň günde guradylýar. Şondan soň ol arpa uny, zäk we turşy çal goşulyp alnan goýy ergini deriniň iç ýüzüne çalnyp, sekiz günläp eýlenilýär. Şondan soň eýlenen derini kölegede gündizine düýrläp, gijesine tekiz ýere serip şemalladýarlar.

Bu işi alty gün dowam etdirip, ýedinji gün derini duzlaýarlar. Sekizinji gün ony güne serip, gutarnykly guradýarlar. Soň ýuwup, çalt gurar ýaly üstüne çäge sepýärler. Deri bäş-alty sagatda gowy guransoň, deridaş bilen deriniň ýüzünde galan ýaglary we etleri aýrylýar. Bu işden soň deri agarýar.

Nurgözel SAPAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.