El işlerinde balykçylygyň beýany

9 Ýanwar 2024
769

Dünýä halklarynyň arasynda türkmenler öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen has-da tapawutlanýar. Türkmen halylary, şaý-sepleri, milli egin-eşikleri gaýtalanmaýan sungat eserleridir. Olaryň esasy aýratynlygyny alamatlandyrýan zat hem nepis nagyşlardyr. Şol nagyşlaryň özeninde bolsa janly tebigat beýan edilendir. Nagyşlara diňe bir ýaşaýan ýeriniň täsin tebigaty däl-de, eýsem, ilatyň meşgullanýan kesp-kärleri hem täsirini ýetiripdir.

Ýurdumyzyň günbatarynda ýaşaýan kenarýaka türkmenleriniň keşde nagyşlary şekilleriniň özboluşlylygy, reňkiniň goýulygy bilen tapawutlanýar. Kenarýaka ilatyň döreden haly gölleriniň, milli lybaslarynyň nagyşlarynda olaryň suw ýakasyndaky mesgeniniň, esasy kesbi bolan balykçylyk käriniň, suw ulagy gaýykdyr gäminiň, aw gurallarynyň, bereketli deňziň, suwdaky guba-gazlaryň sudurlary ýerleşdirilendir. Balyk tutmaklykda esasy gurallar bolan «gadalga», «gaňrak», şeýle hem gämini açyk suwda saklaýan enjam «labyr» bilen baglanyşykly «gaňrakly göl», «gaňyrçak», «gaňyrçakly älem», «labyr» ýaly nagyşlar döräpdir. Halylara salynýan «dyrnak», «dyrnakgöl», «gabsagöl» nagyşlarynyň daş-töweregi durşuna goçak bolup, olar balykçynyň esasy ulagy gaýyklaryň keşbini aňladypdyr. «Tirana» nagşy bolsa Hazaryň baýlygy bolan balyklaryň, esasanam, gyzyl balyk hasaplanylýan tirana, bekre balygynyň şekili bilen baglanyşykly döräpdir. Türkmeniň milli egin-eşiklerine, haly-palaslaryna salynýan nagyşlaryň arasynda balykçylyk käri bilen baglanyşykly ýokarda agzalan nagyşlar özüniň aýratyn durky bilen tapawutlanýar.

Gyrmyzy MAŞADOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki takyk ugra ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň ýokary derejeli taryh mugallymy.