Paluda

3 Ýanwar 2024
714

Bir gezek goňşy obada ýaşaýan garyndaşlarymyzyň akgoýun toýuna gatnaşmak miýesser etdi. Toýda süýtli aş, palaw, ýarma, çekdirme ýaly naharlar bilen birlikde paluda aşy hem taýýarlanyldy. Şondan soň bu naharyň taryhy we taýýarlanylyşy bilen gyzyklandym.

Paluda mäş unundan taýýarlanylýar. Ene-mamalarymyz mäşi edil bugdaý üwelen ýaly el degirmeninde ýa-da harazda üwäpdirler. Paludany taýýarlamak üçin mäş ununy jama salyp, unuň göwrümine barabar suw guýup, bulamak taýýarlamaly. Bulamagy haýal otda tä goýalýança we durlanýança çemçe bilen bulap durmaly. Dury bulamagy iri göz elekden geçirip, öňünden taýýarlanylyp goýlan, düýbüne buz düşelen sowuk suwly jama süzmeli. Şondan soň sünnälenilip kesilen uzyn-uzyn unaşyň şekili emele gelýär we taýýar paluda öwrülýär. Sowuk suwda birneme bekişen paludanyň suwuny döküp, gurandan soň başga gaba salyp, agzyny ýapmasaň we sowuk ýerde goýmasaň, ol guramak, solmak bilen bolýar. Ene-mamalarymyz taýyn paludadan şobada owkat taýýarlapdyrlar ýa-da ätiýaçlyk üçin buzly ýerde goýupdyrlar. Mäş unundan taýýarlanylan paluda aýna ýaly dury bolýar.

Maýsa ŞAMÄMMEDOWA,
Saýat etrabynyň Garabekewül şäher kitaphanasynyň müdiri.