Menzilli ýollara nur saçýan kitap

9 Ýanwar 2024
867

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň giň okyjylar köpçüligine gowşan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmegi ulus-ilimiz üçin gymmatly sowgat boldy. Agzybir halkymyzyň ruhy dünýäsini deňsiz-taýsyz buýsanja beslän bu kitap Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan ilkinji kitap bolmak bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten uly sepgitleriniň we üstünlikleriniň jemine bagyşlanýar. Şeýle hem bu kitap hormatly Prezidentimiziň parasatly pikir-garaýyşlaryny, dürli pudaklarda işleýän, döredýän, gurýan, ylym-bilim ojaklarynda okaýan, hünär öwrenýän ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýan saldamly öwütleri özünde jemleýär. Bu barada bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz: «Men bu kitabymda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylan beýik işler, olara ýaşlarymyzyň gatnaşygy, şeýle hem geçilen ýollar, toplanan tejribeler hem-de ýerlikli hasaplan maglumatlarymyň, esasanam, halkymyz, Watanymyz baradaky pikir-garaýyşlarymyň käbirlerini siziň bilen paýlaşmagy müwessa bildim» diýip ýazýar.

Bu dürdäne sözler täze kitabyň çuňňur many-mazmunly, uly terbiýeçilik ähmiýetli, okyjylaryň ýürek töründen orun alyp, ýankitabyna öwrüljek eserdiginden habar berýär. Ýeri gelende, «Sowgadyň gowusy — kitap» diýen halk pähiminden ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny garşylan pursatlarymyzdaky täze ýyl begenjimizi goşalandyran sowgat bolandygyny bellemek örän ýakymlydyr.

Gülsere JUMAÝEWA,
žurnalist.