Çeper sözüň ägirdi – Magtymguly Pyragy

6 Ýanwar 2024
667

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär. Taryhda öz paýhasy bilen meşhurlyk gazanmagy başaran beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň eserleri ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, belent adamkärçilik sypatlaryny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Akyldar şahyr çeper sözüň ägirdi bolup, onuň goşgulary ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Magtymgulynyň goşgulary her bir adama öz täsirini ýetirýär. Onuň döredijilik mirasynyň häzirki wagtda hem ähmiýeti egsilenok.

Ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaşlary bilime ugrukdyrmakda, dünýä tejribelerinden ugur alyp, orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmekde, sanly bilim ulgamyny giňden ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Umumybilim berýän orta mekdeplerde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi öwredilýär. Ýaş nesilleri terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti çäksizdir. Akyldar şahyrymyz öz goşgy setirlerinde agzybirlik, watansöýüjilik, mertlik, halallyk, päklik, lebzihalallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri tekrarlaýar. Hut şoňa görä-de, ýaş nesli milliligimiz we ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesi bilen terbiýelemekde Pyragynyň eserleri gymmatly gollanmadyr.