Milli gymmatlyklaryň goraglylygy ugrunda

9 Ýanwar 2024
658

Türkmen halkynyň döreden baý medeni mirasy ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň we onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, medeni ulgamda ösüş gazanmagyň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Pederlerimiziň irginsiz zähmetinden, döredijilikli paýhasyndan kemal tapan maddy we ruhy gymmatlyklaryň geljek nesillere asyl görnüşinde ýetirilmeginiň, baý many-mazmunynyň özleşdirilmeginiň taryhy, medeni ähmiýeti bar. Çünki taryh şahsyýetiň giň gözýetimini, medeniýetini kämilleşdirmekde terbiýeleýji çeşme bolup hyzmat edýär. Başgaça aýdylanda, geçmişde bar bolan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarymyzdan gözbaş alyp, ata-baba geçen ýolumyzy ýörelge edinmek arkaly şu günki we geljekki ösüşleriň binýadyny gurýarys.

Halk dünýä medeniýetine oňyn täsir eden nusgalyk ruhy baýlyklaryň mirasdüşeri bolup durýar. Şöhratly taryhymyza göz aýlasak, Oguz nesli dünýäniň çar künjeginde dolandyran döwletlerinde beýik binalary, milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan galalary gurup, binagärlik sungatynyň kämil nusgalaryny döredipdir. Netijede, türkmen topragy adamzat medeniýetiniň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanýan siwilizasiýalaryň gadymy mesgenine öwrülipdir. Muny ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gadymy taryhyň yzlaryny özünde saklaýan arheologik ýadygärlikleriň 2 müňe golaýynyň saklanyp galandygy-da doly tassyklaýar. Bu ýadygärlikler öz döwründe dürli ýurtlaryň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklara, şeýle-de Gündogar bilen Günbatar medeniýetiniň utgaşmagyna täsirini ýetiripdir. Olaryň birnäçesi bolsa umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.